DÜNÝÄ

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkiýäniň Ministrler Kabinetiniň düzüminde käbir üýtgeşmeler boldy. Türkiýäniň Içeri işler hem-de Adalat ministrligine täze ýolbaşçylar bellendi.

“Resmi Gazete” hukuk maglumatlary portalynyň habaryna görä, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan Içeri işler we Adalat ministrliklerine täze ýolbaşçylary belledi.

Türkiýäniň döwlet Baştutanynyň gol çeken kararlaryna laýyklykda, Erzurumyň häkimi Mustafa Çiftçi içeri işler ministri, Stambulyň baş prokurory Akyn Gürlek bolsa adalat ministri wezipesine bellenildi.

Related posts

Ereýän buz böleginden 152 milliard tonna suw çykdy

Ata Watan Eserleri

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirdi