Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2028-nji ýylda Halkara hukugyň ýylyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça 2026-njy ýyl üçin çäreleriň meýilnamasy barada hasabat berdi.
Halkara guramalar, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy we oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan BMG-niň çäklerinde dünýä ösüşiniň gün tertibinde durýan sebit we halkara ähmiýetli meseleler boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň ýokary derejeli plenar mejlisinde ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk, durnukly ösüş, ulag, energetika, ekologiýa, howanyň üýtgemegi, ynsanperwer we halkara hukuk ýaly ugurlarda ählumumy hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen anyk teklipleri öňe sürdi. Şunda döwlet Baştutanymyzyň Milletler Bileleşiginiň münberinden 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky başlangyjy aýratyn ähmiýete eýedir. Bu teklibi amala aşyrmagyň çäklerinde ugurdaş döwlet edaralary bilen bilelikde meýilnamanyň taslamasy taýýarlanyldy. Onda degişli işleri geçirmek göz öňünde tutulýar.
Halkara hukugyň ýylyny yglan etmek maksady bilen, BMG-niň Sekretariatynyň Hukuk meseleleri boýunça müdirligini esasy hyzmatdaş hökmünde kesgitlemek, Baş Assambleýanyň sessiýasynda degişli Kararnamanyň taslamasyny hödürlemek, “Halkara hukuk we Türkmenistanyň Bitaraplygy” atly Milli konsepsiýany taýýarlamak teklip edilýär. Şunuň bilen birlikde, ýylyň dowamynda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda halkara hukuga bagyşlanan dürli sebitleýin we halkara çäreleri, hususan-da, ylmy-amaly maslahatlary, sebitleýin forumlary, brifingleri, beýleki çäreleri guramak göz öňünde tutulýar.
Hukuk bilimini ýokarlandyrmak üçin ýerli we halkara bilermenleriň gatnaşmagynda orta hem-de ýokary okuw mekdeplerinde degişli okuw we usulyýet gollanmalaryny işläp düzmek, olary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýaýratmak meýilleşdirilýär. Şeýle-de zehinli ýaş hünärmenleri ýüze çykarmak, olary goldamak, ylmy barlaglary höweslendirmek we täze nesilde halkara hukuga gyzyklanma döretmek maksady bilen, ýaşlaryň arasynda ylmy iş we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirmek teklip edilýär. Giň jemgyýetçiligi Halkara hukugyň ýyly barada milli hem-de halkara derejede habarly etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web saýtynda ýöriteleşdirilen maglumat bölümini açmak, Halkara hukugyň ýylyna bagyşlanan maglumat beriji materiallary taýýarlamak we ýaýratmak göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistan tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. “Munuň özi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde möhüm ädim bolup durýar” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy hem-de bu ugurda taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýer, daşary işler ministrine degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
