JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Ýaponiýa 11 ylalaşyga gol çekdi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň birinji sammitine gatnaşmak üçin Tokioda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öňdebaryjy ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen işewürlik duşuşygyny geçirdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň ýapon işewürleri bilen geçiren duşuşygyndan soňra köp sanly ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu resminamalar energetika, ulag, ylym-bilim we senagat ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam eder.

Gol çekilen resminamalar şeýle:

  • Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi bilen «Sumitomo Corporation» kompaniýasynyň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Sumitomo Corporation Europe Limited» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi bilen «Mitsubishi Corporation Machinery, Inc.» (Ýaponiýa) kompaniýasynyň arasynda maglumatlary alyşmak we hyzmatdaşlyk arkaly Türkmenistanda emeli aňy we sanly tehnologiýalary netijeli ulanmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen «Sony Middle East and Africa FZE» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen «Mizuho Bank, Ltd.» bankynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Tohoku uniwersitetiniň Inženerçilik mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda talyplary alyşmak barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti (Türkmenistan) bilen Hirosaki uniwersitetiniň Ylym we tehnologiýalar boýunça ýokary mekdebiniň (Ýaponiýa) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.» kompaniýasynyň arasynda Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawodyň tehniki hyzmatlaryny amala aşyrmak möhletini uzaltmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen konsorsiumyň düzümine girýän «Toyo Engineering Corporation» (Ýaponiýa) we «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Tijaret A.Ş.» (Türkiýe) kompaniýalarynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatyndaky Gyýanlydaky polimer zawodynyň önümçiligini ygtybarly ýola goýmak işleriniň ikinji tapgyry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.» (Ýaponiýa), «Gap Inşaat Ýatirim ve Diş Tijaret Anonim Şirketi» (Türkiýe) we «Mitsubishi Corporation» (Ýaponiýa) kompaniýalar toparynyň arasynda Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynda kuwwatlylygy ýylda 1 million 155 müň tonna karbamid öndürýän toplumy doly taýýar edip gurmak taslamasy boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy