Toýlarymyzyň toýlara ulaşýan häzirki şanly günlerde hoş habarlar gelip gowuşýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitaby ähli ildeşlerimizde buýsanç döretdi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli baýramçylyk sowgady boldy. Bu ajaýyp kitap türkmen halkynyň parahatçylyk söýüjilik ýoluny, hemişelik Bitaraplygymyzyň beýik ýörelgesini aýdyň beýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän bu ajaýyp kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär. Şeýle hem onda ýurdumyzda ýetilen belent sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň many-mazmuny beýan edilýär.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilendir. Bu beýik taryhy wakanyň aýdyň beýanyny täze kitabyň sahypalaryndan okamak, kalbyň bilen buýsanmak uly bagtdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ajaýyp kitabyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirilýär. Dabaralaryň dowamynda täze kitabyň mazmuny barada täsirli çykyşlar edilýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy 30 ýylyň içinde özboluşly ösüş ýoluny geçip, sebit we ählumumy derejede durnuklylygy üpjün etmekde uly ähmiýete eýe boldy. Hemişelik Bitaraplygyň aýdyň ýoly bu günki gün dünýä üçin nusgalykdyr, parahatçylygyň asylly ýörelgesidir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabyny halkymyza serpaý etmegi göwün guşumyzy al-asmana göterdi. Hormatly Prezidentimiziň täze eseri ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň beýanydyr, biz — ýaşlaryň ylham çeşmesidir.
Täze kitap 9 bölümden ybarat bolup, onda türkmen Bitaraplygynyň geçen ýoly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlary giňden beýan edilýär. Täze kitap dürli ulgamlarda işleýän hünärmenler, diplomatlar, alymlar, žurnalistler, ýaş nesiller üçin gymmatly gollanmadyr.
Hormatly Prezidentimiz kitabynda: «Bitaraplyk biziň doktrinamyzdyr, ol tutuş dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge çagyrýar, ynsanperwer ýörelgeleri dabaralandyrýar» diýip jaýdar belleýär. Halkara gatnaşyklarynda şeýle ýörelgeleri çelgi edinýän hemişelik Bitarap Watanymyz diňe bir sebitde däl, eýsem, Ýer ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde ykrar edilýär. Häzirki döwürde bütin dünýäde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi berkitmekdäki ähmiýetine ýokary baha berilýär. Hemişelik Bitaraplygymyz tutuş ynsanyýetiň parahat, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini we abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm guralydyr.
Döwlet Baştutanymyzyň täze eserinde bellenilişi ýaly, geçen üç onýyllygyň dowamynda türkmen Bitaraplygy sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmagyň wajyp şertine öwrüldi. Halkymyzyň belent ynsanperwer ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy parahatçylyk, howpsuzlyk, durnukly ösüş ýoly umumadamzat gymmatlyklaryny ilerletmek babatda Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli berkitmegiň şanly wakalaryna beslenen şöhratly ýoly alamatlandyrýar. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýylda bolsa biz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny uludan baýram edýäris.
«Bitaraplyk — türkmen paýhasynda», «Bitaraplygyň taryhy köklerine nazar aýlap», «Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: netijeli hyzmatdaşlygyň baý tejribesi», «Parahatçylyk we ynanyşmak — döwrüň derwaýyslygy», «Bitaraplygyň ynsanperwer ölçegi», «Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty», «XXI asyr: Tükmenistanyň geosyýasy we geoykdysady strategiýasy», «Parahatçylyk — türkmen siwilizasiýasynyň binýady», «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: taryhy resminamalar, gutlaglar, çykyşlar» atly bölümlerden ybarat bolan, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilen ajaýyp eserde hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen ýoly, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hukuk derejesi, bu syýasy derejäniň dünýäde parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki täsiri barada anyk maglumatlara esaslanylyp, giňişleýin gürrüň edilýär. Kitapda adamzadyň abadançylygyny üpjün etmekde, möhüm meseleleri çözmekde, dünýäde parahatçylygy we dost-doganlygy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň netijeli gurallaryndan peýdalanmagyň ýollary hakynda gymmatly pikirler beýan edilýär.
Ajaýyp zamanamyzyň ösüşli menzilleriniň beýany bolan eser türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini esasy ugur edinýän Bitaraplyk hukuk derejämiziň ähmiýetine düşünmek üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat eder. Şonuň üçinem ajaýyp kitaby peşgeş berendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, galamy hemişe ýiti bolsun!
