Güneşli Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk şanly baýramynyň uludan bellenilen ýyly hökmünde ýurdumyzyň taryhynda müdimilik galjak 2025-nji ýyl tamamlanyp barýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalar, düýpli özgertmeler beýik maksada — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolan taryhy gününden bäri 30 ýyl geçdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde, agza döwletleriň biragyzdan goldamagy bilen, «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýa kabul edildi. Şondan bäri geçen döwürde Bitaraplyk ýurdumyzyň ykdysady ösüşini, abadançylygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Taryhy tejribe eziz Watanymyzyň Bitaraplyk ýörelgeleriniň uly üstünlikleri gazanmakda, ýaşaýyş-durmuş, ynsanperwer-medeni meseleleri netijeli çözmekde, ösüş maksatnamalary, bilelikdäki halkara taslamalary üstünlikli ýerine ýetirmekde oňyn täsir edýändigini görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ösüşli menzilleri nazarlaýan ýurdumyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk ýubileý senesi uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Mälim bolşy ýaly, baýramçylyk günlerinde paýtagtymyzda ýokary guramaçylyk derejesinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp halkara forum geçirildi, bu foruma gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen daşary ýurtly wekiliýetleriň gatnaşmagynda «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy dabaraly ýagdaýda açyldy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Şeýle hem Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi guraldy. Bu wakalaryň ählisi ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatynyň dünýä derejesindäki möhüm ähmiýetini, aýratyn eýeleýän ornuny aýdyňlyk bilen görkezdi.
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamasy bilen berkidilen ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi diňe bir daşary syýasy hukuk derejesi bolman, eýsem, türkmen halkynyň milli özboluşlylygynyň, durnuklylygyň hem möhüm bölegidir. Halkara derejede ykrar edilen bu hukuk ýagdaýy ýurdumyzyň dürli döwletler bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berýän oýlanyşykly daşary syýasatynyň binýadyny emele getirýär.
Dünýä halklaryny parahatçylyga, agzybirlige çagyrýan, bu ugurda ählumumy tagallalary birleşdirmekde möhüm işleri alyp barýan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň baş şäherimizdäki ajaýyp şöhlelenmesi bolan «Bitaraplygyň 30 ýyllygy» binasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan döwletimiziň oňyn daşary syýasatynyň aýdyň nyşanydyr. Bu özboluşly bina Bitaraplyk konsepsiýasy ýaly, dostlugy, özara düşünişmegi, ynanyşmagy, jebisligi we raýdaşlygy alamatlandyrýar. Bina ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň ýörelgeleriniň tutuş dünýäde parahatçylygy, ynanyşmagy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen işjeň daşary syýasatdygyny görkezýär.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly ýubileý senesiniň şanyna Söwda-senagat edarasynda guralan serginiň ýurdumyzyň bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýetini giňişleýin açyp görkezmekdäki ähmiýetli ornuny hem aýratyn bellemek gerek. Serginiň ekspozisiýalarynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň köpugurly ösüşleri aýdyň şöhlelenýär. Halkara çärelerden fotogörnüşler, BMG we ugurdaş halkara guramalar bilen bilelikdäki taslamalar ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dialog we hyzmatdaşlyk üçin binýat bolup durýandygynyň ajaýyp görkezijisine öwrüldi.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna guralan dabaralar paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ýüreklerini buýsanç duýgularyna besledi. Şol gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda geçirilen halkara çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşmagynda guralan medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işleriň senasy bolup ýaňlandy.
Giňden ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlaryň ahyrynda konsertiň ajaýyp jemlenmesine öwrülen, Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine döredilen «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly joşgunly aýdymyň ýerine ýetirilmegi dabaranyň iň bir ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Ata Watanymyzda parahatçylygyň şanyna geçirilen baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerkler bilen jemlendi.
Goý, adamzadyň abadan durmuşynyň hatyrasyna beýik başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Gurbantäç Bäşimowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň biologiýa mugallymy.
