Prep4Success Student Program: Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda resminamalar kabul edilýär.
Türkmenistanyň çäginde işleýän American Councils guramasy täzeden taýýarlanan Prep4Success Student Program maksatnamasy boýunça Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda resminamalaryň kabul edilýändigini habar berdi. Maksatnama 14–18 ýaş aralygyndaky (emma 12-nji synp okuwçylary bu tapgyrda gatnaşyp bilmeýär) Türkmenistanyň ýaş raýatlary üçin niýetlenendir.
Bu maksatnamanyň okuw meýilnamasy TOEFL synagyna taýýarlyk, akademiki okamak we ýazmak (Academic Reading & Writing), çylşyrymly matematika (advanced Math) hem-de hünär ösüşi boýunça çäreleri öz içine alýar. Maksatnama 6 aý dowam eder, sapaklar ýekşenbe günleri geçiriler we okuwlar Daşoguz, Mary we Türkmenabat American Corner merkezlerinde alnyp barylar.
Kimler gatnaşyp biler? (Talaplar)
-
Türkmenistanyň raýaty bolmaly
-
14 ýaşdan 18 ýaşa çenli bolmaly (12-nji synplar gatnaşyp bilmeýär)
-
Mekdepde gowşak däl, oňat okuw görkeziji bolmaly
-
Iňlis dili derejesi intermediate / advanced bolmaly
-
6 aýlyk maksatnama doly gatnaşmaga mümkinçilik (wagt taýdan) bolmaly
Resminamalar bukjasy
Ähli resminamalar hökmany ýagdaýda elektron görnüşde iberilmeli:
-
Doldurylan Prep4Success Student Program anketasy
-
Soňky 2 ýylyň okuw tabşyryklary / baha kagyzlary (academic transcripts)
-
Iňlis dilinde, gol çekilen 1 sany akademiki maslahat haty (recommendation letter)
-
Resume (CV)
-
Dogluş şahadatnamasynyň ýa-da içerki pasportyň göçürmesi
Resminama tabşyrmak üçin soňky möhlet
📌 2026-njy ýylyň 8-nji ýanwary, penşenbe — sagat 17:00 çenli degişli sebite laýyk e-poçta iberiň:
-
Lebap welaýaty: p4sturkmenabat@americancouncilstm.org
-
Daşoguz welaýaty: p4sdashoguz@americancouncilstm.org
-
Mary welaýaty: p4smary@americancouncilstm.org
Goşmaça maglumat üçin telefonlar
-
Lebap: +993 422 33771
-
Daşoguz: +993 322 24103
-
Mary: +993 522 47175
Prep4Success maksatnamasy daşary ýurt okuwyna taýýarlyk görmek, TOEFL we akademiki başarnyklary güýçlendirmek isleýän ýaşlar üçin peýdaly mümkinçilik hökmünde görkezilýär.
Mahabat:
Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime
Daşary ýurtda bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.
“Makul Hyzmat” Terjime Merkezi
Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok,
Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401
Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55
Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com
