SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

12-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                                   12-nji  dekabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün energiýaňyz ýokary bolup, işleriňizi depginli dowam etdirip bilersiňiz. Täze başlangyçlara girişmek üçin amatly pursat. Emma aşa çalt karar bermekden gaça duruň. Ýakyn adamlaryňyz bilen aragatnaşykda duýgularyňyza üns bermek  möhümdir.

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

Bu gün durnuklylygyňyzy saklamak we maliýe meseleleriňizi tertipleşdirmek üçin amatly gün. Howlukman, pikirlenip ähli işleriňizi  çözmek iň dogry ýol bolar. Güniň ikinji ýarymynda maşgala gatnaşyklaryňyzda ýylylyk  artar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Bu gün Jöwzalar üçin aragatnaşyk günidir.  Iş duşuşyklary, gepleşikler üstünlikli geçer. Ýakynlaryňyzdan täze habarlary almagyňyz mümkin. Şeýle hem  güniň ikinji ýarymynda döredijilik ukybyňyz  güýçlener  we täze pikirleriňiz ýüze çykmagy ähtimal.

 Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Bu gün  duýgurlyk ýokarlanýar. Şahsy meseleleriňize has köp üns beresiňiz. Öý işleri, maşgalaňyz  bilen gatnaşyklaryňyz ugrunda oňyn üýtgeşmeler bolup biler. Şeýle hem  iş ýeriňizde pikirlenip hereket etmek maslahat berilýär.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08)

Özbaşdak hereket etmek üçin güýçli isleg duýarsyňyz. Başarnyklaryňyzy görkezmek mümkinçiligi dörär. Ýöne ýakyn adamlaryňyzyň pikirlerine-de gulak asmak möhümdir. Köpçülik öňünde çykyş etmek, prezentasiýa etmek üçin amatly gün.

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Size gyzykly gün garaşýar. Bu  gün  sizi ýakymly garaşylmadyk ýagdaýlar we üstünlikli tötänlikler bilen begendirer we täze bir zat almak üçin amatly bolar. Özboluşly pikirleri durmuşa geçirmegiň we netijeden kanagatlanmagyň ýoluny taparsyňyz. Köpden bäri meýilleşdirilen meýilnamalary ýadyňyzda saklap bilersiňiz.  Olary durmuşa geçirmäge mümkinçilik bolar.

Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Bu gün Mizanlar içki rahatlygyny saklasa  gün örän üstünlikli geçer.  Işde hyzmatdaşlyk we gepleşikler üstünlik getirip biler. Güniň ikinji ýarymynda şahsy gatnaşyklaryňyzda  romantiki gatnaşyklar peýda bolar.

 Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Bu gün duýgurlygyňyz güýçlenip  meseleleriňize  çuňňur çemeleşmek islegiňiz artar. Maliýe bilen bagly möhüm kararlaryňyzy  soňraga  goýmak has gowudyr. Ýöne döredijilikde uly üstünlik gazanyp bilersiňiz.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

 Size gyzykly gün garaşýar. Elbetde täze pikirler peýda bolar we meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmäge kömek etmäge taýyn adamlar bilen derrew duşuşarsyňyz. Güniň ikinji ýarymynda dostlukly ýa-da romantik gatnaşyklaryň başlangyjy mümkindir.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01)

Jogapkärçiligi  talap edýän  meseleleriňiz  peýda bolar.Işiňizde öňegidişlikler  ähtimal. Maşgalaňyz üçin edýän aladalaryňyzy  çözülüp bilersiňiz. Bu gün size  sabyrlylyk uly  peýdalary  getirer.

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Täzelikler, üýtgeşmeler we täze gatnaşyklaryň döremegi mümkin. Bu gün döredijilikli işler üçin oňyn bolar. Gowy pikirler peýda bolup olar size üstünlikleri getirip  biler. Dost-ýarlaryňyz bilen hyzmatdaşlyk size öňegidişlikleri getirer.

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Bu gün duýgurlyk ýokarlanýar, intuisiýaňyz güýçlenýär. Şahsy meseleleriňiziň çözgüdini aňsat tapyp bilersiňiz. Ýumşaklyk we sabyrlylyk size uly peýda getirer. Işiňizde ýuwaş depgin bilen gitmek maslahat berilýär.

Ýene-de okaň

11-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

10-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (08-nji-14-nji dekabr )

09-njy Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

08-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

07-nji Dekabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama