TEHNOLOGIÝA

Dubaýda sürüjisiz taksiler synag tertibinde işläp başlady

Dubaýyň Jumeýrah we Umm Sukeýim etraplarynda sürüjiniň gatnaşmagynda synag tertibinde “WeRide” kompaniýasynyň sürüjisiz taksileriniň täjirçilik ulanylyşyna girişildi.

Bu barada Dubaý hökümetiniň metbugat gullugy habar berdi.

“Dubaýyň Ýol we Ulag Müdirligi (RTA) şu günden başlap Dubaýdaky “Uber” programmasynda jemgyýetçilik robotaksisiniň synag taslamasynyň başlanýandygyny yglan edýär” diýlip, habarda aýdylýar.

Şol ýerde taslamanyň “WeRide” we “Uber Technologies” kompaniýalary tarapyndan durmuşa geçirilendigi bellenildi.

Soňky tapgyryň (Uber Technologies) programmasy arkaly beýle taksä sargyt edip bolýar. Synag tertibinden taksi hyzmatynyň doly derejeli işine geçmek 2026-njy ýylyň başyna meýilleşdirilýär.

Related posts

“Apple”-iň Hindistandaky onlaýn dükany

Bir özi 100 işi eder

Samsung Galaxy S20 Ultra 5G akylly telefony satuwa çykaryldy