BIZNES

Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli baýramçylyk söwdalary ýola goýlar

Şu ýylyň 5-nji dekabryndan başlap baýramçylyk söwdalaryny ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda ýola goýmak hem-de göçme söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar.

Bu barada, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatynda bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda ilatyň dürli önümlere bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem döwlet Baştutany göçme söwda nokatlaryny guramagyň, bazarlary we dükanlary azyk, şol sanda gök-bakja we miwe önümleri bilen üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp,  wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda ýasy ýaprakly senna tohumyndan kofe taýýarlandy

Türkmenistanda iki aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Tejen şäherinde döwrebaplaşdyrylan awtomenzil ulanylmaga berildi

Hytaý milliarderleriň sany boýunça ýene-de dünýä lideri boldy

2026-njy ýylda Türkmenistanda ulag pudagynda garaşylýan netijeler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy giňden belleniler