SENIŇ TÄLEÝNAMAŇ

28-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Hormatly okyjylarymyz!

Üns beriñ! Eger-de araňyzda daşary ýurtda bilim almak isleýänleriňiz bar bolsa, şeýle hem Türkiýä wiza almak isleýän bolsaňyz, resminamalar toplumynyň terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezine ýüz tutup bilersiňiz. Onuň salgysy: Aşgabat şäheri, Ankara köçe 25, (Aýtakow-Ýubileýniý), A Blok, 401

Habarlaşmak üçin…. +993 63 78-96-73, 96-48-55

E: Mail : makulhyzmat@gmail.com

Siz hem öz ýyldyzyňyza görä, täleýnamaňyz bilen gyzyklanýan bolsaňyz, onda www.atavatan-turkmenistan.com internet saýtyndan daşlaşmaň. Her bir täleýnama baradaky gysgaça maglumatlary almak isleseňiz, onda şu ýere basyp okap bilersiňiz.

Siz saýtymyzyň “Seniň Täleýnamaň” sahypasyna girip, gündelik täleýnamalary okap bilersiňiz! Siz täleýnamany has aňsat okamak üçin Google Plaý Marketden şu ýere basyp Applikasiýany ýükläp alyp, bildiriş sazlamalaryndan täleýnamalar baradaky habar saýtymyza girilen dessine Siziň telefonyňyza bildiriş geler ýaly sazlaň!

Mähriban okyjylar! Doglan senäňize degişli ykbal ýyldyzlarynyň häzirki wagtda durmuşyňyza nähili täsir edýändigi, geljegiňiz baradaky biraz maglumatlary bilesiňiz gelse, size 2025-nji ýylyň                              28-nji  noýabryndaky täleýnamaňyzy hödürleýäris. 

Hamal (guzy 21.03 – 20.04)

Bu gün Hamallarda  täze başlangyçlar üçin amatly şertler dörär. Işde öňde baryjy bolmak we täze teklipleri öňe sürmek üçin mümkinçilik bolar. Şeýle hem maşgala gatnaşyklarynda durnuklylyk höküm sürer. 

Sowur (öküzçe 21.04 – 20.05)

 Sowurlar üçin  bu gün möhüm gün  bolar. Maliýe bilen bagly meseleler  göräýmäge ownuk ýaly görünip biler.  Emma ünsli we seresap hereket etseňiz hemmezat ýerbe ýer bolar.

Jöwza  (ekizekler 21.05 – 21.06)

Jöwzalaryň bu  gün işjeňligi artar. Täze maglumatlary çalt özleşdirip bilerler.Dostlar bilen gatnaşyklarda ýüze çykyp biläýjek düşünişmezlikleri ýuwaşlyk bilen çözmek peýdaly bolar.

Seretan (leňňeçler 22.06 – 22.07)

Ýyldyzlar bu gün Seretanlardan  gözegçiligi talap ederler. Iş bilen bagly meselelerde sabyrly bolmak amatly netijä getirer. Güniň ikinji ýarymynda ýakynlaryňyz ýa-da dostlaryňyz bilen syýahata çykmak amatly bolar.

Eset (ýolbars 23.07 – 23.08) 

Esetlerde  bu  gün döredijilik mümkinçilikleri giňär. Köp adamlaryň ünsüni özüňize çekip bilersiňiz. Şeýle-de bolsa, býujetde artykmaç çykdajy etmän, hasaply hereket etmek maslahat berilýär. 

Sünbüle (gyz 24.08 – 23.09)

Sünbülelere  bu gün meýilleşdirilen işleri üstünlikli amala aşyrmak üçin amatlydyr. Işde  tertip düzgün we dogryçyllyk size uly üstünlik getirip biler. Güniň ikinji ýarymynda ýyldyzlar size sagylygyňyza  dogry seretmegi maslahat berýär.

 Mizan (terezi 24.09 – 23.10)

Mizanlar  üçin  bu gün gepleşikler, ylalaşyklar we jemgyýetçilik gatnaşyklary üstünlikli geçer. Şahsy işlerde sabyrly hereket etmek günüň umumy sazlaşygyny güýçlendirer. 

Akrap (içýan 24.10 – 22.11)

Akraplaryň energiýasy  bu gün ýokary bolup biler . Maliýe meselelerinde täze mümkinçilikleriň ýüze çykmagy ähtimal. Emma ähli kararlary pikirlenip dogry hereket etmek maslahat berilýär.

Kowus (keman 23.11 – 21.12) 

Kowuslar üçin  bu gün döredijilikli başlangyçlaryň wagty. Işiňizde öňegidişlik garaşylýar. Maşgala gatnaşyklarynda düşünişmek günüň sazlaşygyny ýokarlandyrar.

Jedi (owlak 22.12 – 20.01) 

Jediler    bu gün jogapkärçilikli we möhüm işler bilen baglanyşykly bolarlar. Ünsli bolmak işde ýalňyşlyklaryň öňüni alar. Güniň ikinji ýarymynda özüňize wagt tapmak hem peýdaly bolar. 

Daluw (gowa 21.01 – 20.02) 

Bu gün Daluwlaryň özlerine bolan ynamy artar. Ýakynlary bilen dynç almak, uzak ýerlere sapara gitmek üçin hem amatlydyr. Güniň ikinji ýarymynda  Daluwlar  şahsy ýa-da iş meselelerini kärdeşlerine ynanyp bilerler. 

Hut (balyk 21.02 – 20.03) 

Hutlaryň bu gün duýgurlygy ýokarlanar. Käbir meselelerde çuňňur oýlanmak gerek bolup biler. Maliýe ýagdaýynda durnuklylyg­y saklamak maslahat berilýär.

 

Ýene-de okaň

27-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

26-njy Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

25-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

2025;Hepdelik täleýnama (24-nji-30-njy noýabr )

24-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

23-nji Noýabr ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama