DÜNÝÄ

Wladimir Putin Gyrgyzystana döwlet sapary bilen bardy

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin 25-nji noýabrda, döwlet sapary bilen Gyrgyz Respublikasyna bardy. Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Administrasiýasyndan habar berlişi ýaly, ýokary derejeli myhmany “Manas” halkara howa menzilinde Prezident Sadyr Žaparow garşylady.

Wladimir Putini garşylamak üçin howa menzilinde hormat garawulyň rotasy nyzama düzüldi. Meýdançada gyrgyz halkynyň milli gymmatlyklaryny açyp görkezýän ýagdaý emele getirildi. .

Soňra döwlet Baştutanlary üçin iki halkyň saz eserlerini ýerine ýetiren gyrgyz artistleriniň gatnaşmagynda gysgaça konsert maksatnamasy gurnaldy.

Döwlet saparynyň dowamynda Gyrgyzystanyň we Russiýanyň liderleri ertir, 26-njy noýabrda, ikitaraplaýyn gün tertibiniň wajyp meselelerini we strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň geljegini ara alyp maslahatlaşarlar. Şeýle hem birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

Related posts

Ermenistanda Türkmenistanyň söwda öýüniň açylar

Türkmenistanda sebit derejesinde BMG usulyndaky 1-nji Aşgabat maslahaty geçirildi

Synaglar onlaýn geçiriler

Ata Watan Eserleri