SIZDEN GELENLER

Sport saglygyň gözbaşy

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly bolan 2025-nji ýylda Babadaýhan etrabynyň Sport mekdebi bilen bilelikde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe raýatlarymyzyň saglygyny gorap sport bilen yzygider meşgullanmaklary hakynda  Sport mekdebiň türgenleşik zalynda TMÝG-niň Babadaýhan etrap Geňeşi wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Ýygnakda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk bähbitli şeýle adyl syýasatyny goldap, her bir raýat öz saglygyna gorap, sportdan ara açman beden taýdan hem berk bolmaklaryny aýtdylar.

Hormatly Prezidentimiziň berk we sagdyn bedenli türkmen ýaşlaryny terbiýeläp ýetişdirmekde alyp barýan hemme taraplaýyn tutumly işleri amala aşyrýan döwründe ýaşlary terbiýelemekde sportyň örän uly ähmiýetiniň bardygy hakynda, ýurdumyzyň diregi geljekki nesilleriň sagdynlygy, maşgala ojaklarynyň abadançylygy biziň gerdenimizdäki ägirt uly jogapkärçilikdigini, Babadaýhan etrabyndaky Sport mekdebiniň türgenleriniň arasynda hem sagdyn bedenli, sagdyn ruhly nesilleri  kemala getirmek, her bir ynsana parzdyr diýen täsirli gürrüňleri etdiler.

Maslahatyň ahyrynda ýygnaga gatnaşyjylaryň ahlisi Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan halk ähmiýetli, umumyadamzat bähbitli tutanýerli başlangyçlarynyň mundan beýläkde rowaçlanmagyny, janynyň sag, başynyň dik, il bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 Şöhrat Akmämmedow, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň

Babadaýhan etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Ýene-de okaň

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün

Ýylyň şygary – milli buýsanjymyzyň ykrary

Kämil bilim — ösüşleriň gözbaşy

Mukaddes bedew – milli mirasymyz

Ýylyň şygary – üstünlikleriň açary