DÜNÝÄ

Sergeý Lebedew GDA-nyň baş sekretarlygyna täzeden bellendi

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary Sergeý Lebedew Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň karary bilen nobatdaky möhlete bu wezipä gaýtadan bellendi. Bu barada 10-njy oktýabrda GDA döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň jemleri boýunça geçirilen metbugat konferensiýasynda aýdyldy diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin Baş sekretara Arkalaşygyň bähbidine alyp barýan möhüm işlerinde mundan beýläk-de üstünlikler we egsilmez güýç-kuwwat arzuw etdi.

2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, GDA-da başlyklygy Türkmenistanyň kabul edýändigi bellenildi.

Sirojiddin Muhriddin: “Biz türkmen dostlarymyza bu möhüm wezipede ähli zerur kömegi bermäge taýýardyrys” diýip aýtdy.

Related posts

Türkiýä rus “Sputnik V” sanjymyna garaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkiýäniň elektrikli ulagy geografiýasyny giňeldýär

66 million ýaşly galyndy