Baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoini kabul etdi.
Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklar uzak möhletleýin strategik häsiýete eýedir. Ýapon kompaniýalary iki ýurduň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge uly goşant goşýarlar. “Toyo Engineering” kompaniýasy bilen nebitgaz we himiýa ulgamlarynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Bu düzümiň gatnaşmagynda Gyýanlyda ägirt uly gazhimiýa desgasynyň — polimer zawodynyň gurlup ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Işewür türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine mundan beýläk-de goşant goşmaga hemişe taýýardygyny tassyklady.
Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş maksatnamalary, senagat pudagyndaky özgertmeleri göz öňünde tutup, geljekde hyzmatdaşlygy täze ugurlar boýunça has-da ösdürmäge mümkinçiligiň bardygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň kompaniýanyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardygyny aýtdy.
Eiji Hosoi ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna bildirilen uly ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.