SIZDEN GELENLER

Türkmen halky döwletli Maslahata barýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 19-njy sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň belleniljek günleriniň öňüsyrasynda çagyryljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi döwletimiziň galkynyşyny, halkymyzyň eşretli durmuşyny, mizemez agzybirligimizi we abadançylygymyzy dabaralandyrýar.

Ýurdumyzyň ähli edara-kärhanalarynda, jemgyýetçilik guramalarynda, bilim, sport, saglygy goraýyş we beýleki ulgamlarynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk işleri, şol sanda, wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar ýokary guramaçylykda geçirilýär.

Halk Maslahatynyň işe başlanyna üç ýyldan hem az wagt geçendigine garamazdan, ol tüýs wagtynda döredilendigini we zerur gerekdigini subut etdi. Onuň tarapyndan şu döwürde kabul edilen ýurdumyzyň ähli strategik kararlary we ileri tutulýan milli ösüş maksatnamalary üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilmegini dowam etdirýär. Bu günki gün, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bolsa, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy we hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, tutuş ýurdumyzyň jemgyýetçiligi döwürleriň üznüksiz baglanyşygyny we nesilleriň dowamlylygyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň hakyky demokratiýa ýörelgelerine, halkyň saýlan parahatlyk we döredijilik ýoluna ygrarlylygynyň janly şaýady bolan ýene bir milli forumy geçirmäge işjeň taýýarlyk görýär.

Möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşmak, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biridir. Bu babatda «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli il salamat bolar», «Ýedi ölçäp, bir kes» ýaly nakyllardyr pähimler kalbyňa siňýär. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar.

Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzyň gazanan üstünliklerini, ýeten belent sepgitlerini, halkyň jebisligini pugtalandyrmakda Türkmenistanyň Halk Maslahaty uly orun eýeleýär. Çünki onuň baş maksady halkyň abadan durmuşyna gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan hem-de netijeli çözgütleri kabul etmekden ybarat. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmakda maksatnamalary kabul etmek, halkyň isleglerini kanagatlandyrmak babatdaky işler hem esasy wezipeleriň hatarynda durýar.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyna özüniň oňyn täsirini ýetirmek bilen, ýurdumyzyň ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha belende galmagyna uly itergi berýär. Halkyň bähbidine gönükdirilen işler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!», Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatlaryna doly derejede laýyk gelýär. Eziz Diýarymyzda döwletimiziň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň hukuk binýadyny has-da berkitmekde, durmuş-ykdysady özgertmeleri durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler diňe adam hakdaky alada gönükdirilýär.

Halk Maslahatynyň mejlisinde geçilen taryhy ýola nazar aýlap, geljekde öňde goýlan wezipeleri anyk kesgitlemek ýaly asylly işleriň amal edilmegi biziň her birimizi buýsandyrýar. «Maksat jandan ileri» diýýän halkymyz bir agza bakyp, ata Watanymyzyň abraý-mertebesini has-da belende galdyrmakda öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ildeşlerimiz ýurdumyzyň ähli baýramçylyklaryna zähmet ýeňişleri bilen barýarlar. Şonuň üçin hem ösüşlerimiziň binýadyny berk tutmak, ýaşlary ak ýola ugrukdyrmak işleri döwlet tarapyndan yzygiderli alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, biziň ilatymyzyň agramly bölegini ýaşlar düzýär. Bu bolsa ýurdumyzyň, mähriban halkymyzyň ykbalynda, nurana geljeginde ýaşlaryň möhüm ornunyň bardygyndan habar berýär. Ýurdumyzda ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamak, durmuşda öz mynasyp orunlaryny tapmaklaryny gazanmak, il-güne, halka peýdaly adamlar edip ýetişdirmek işleri döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy örän buýsandyryjydyr.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede geçirilmegini we halk bähbitli, döwlet ähmiýetli kararlaryň kabul edilmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

Ýaş nesliň ylymly-bilimli, kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Begenç Kakalyýew,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Täze taryhy eýýamyň döwletli maslahaty

Halk Maslahaty – halkyň bähbidine

Halk Maslahaty – milli demokratiýanyň nusgasy

Halk Maslahaty – milli jebisliginiň nyşany

Ata Watan Eserleri

Döwletli geňeş – halkyň agzybirligi

Ata Watan Eserleri

Halk Maslahaty – döwletli geňeş