DÜNÝÄ

Palestina ynsanperwer kömek üçin Türkmenistana hoşallyk bildirdi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Rana Abu Hijlehiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Rana Abu Hijleh öz adyndan we Palestina Döwletiniň ýolbaşçylygynyň adyndan palestin halkyna berilýän ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň ýolbaşçylygyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlylyklaryny tassykladylar.

Related posts

Türkiýäniň Prezidentinden Türkmenistana Bitaraplyk gutlagy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleri duşuşdy