JEMGYÝET

Ýylyň duşuşygy: Putin bilen Tramp duşuşýar

Dünýä jemgyýetiçiliginiň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan duşuşygy başlady. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň duşuşygy Alýaska ştatynyň Ankorij şäherinde geçirilýär.
Ankorij şäheriniň howa menzilinde iki ýurduň Prezidentleri bir wagtda diýen ýaly uçardan düşdüler we soňra bilelikde “Alýaska-2025” ýazgynyň öňünde surata düşdüler.
Soňra Wladimir Putin we Donald Tramp ABŞ-nyň Prezidentiniň ulag kerweninde duşuşygyň geçirilýän Elmendorf-Riçardson harby bazasyna gitdiler.
Bu ýerde ilki bilen Wladimir Putin we Donald Tramp ikiçäk duşuşarlar. Bu duşuşyga rus tarapynda Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow hem-de daşary işler ministri Sergeý Lawrow, amerikan tarapyndan döwlet sekretary Marko Rubio hem-de ýörite wekil stiwen Uitkoff gatnaşdy.
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň metbugat sekrtary Dmitriý Peskowyň bellemegine görä, Wladimir Putin we Donald Trampyň arasyndaky duşuşyk 7 sagat dowam eder.
Duşuşykda resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulmaýar we onuň jemleri boýunça metbugat ýygnagy geçiriler.
Şeýle hem bu duşuşykda Russiýa bilen ABŞ-nyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine serediler. Şonuň üçin iki ýurduň wekiliýet düzüminde söwda we ykdysadyýet toplumlaryna gözegçilik edýän ministrler hem bar.

Ýene-de okaň

«Arkadag» topary Al-Nasr» toparyna garşy duşuşyga taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti diplomatlary hünär baýramy bilen gutlady

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady