DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Eswatini diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň laýyklykda, Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda resmi taýdan diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy.

Bu ugurda degişli teswirnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eswatini Patyşalygynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministri Folile Şakantu gol çekdi.

Bu ylalaşyk hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar. Türkmenistan energetika, oba hojalygy we durnukly ösüş ugurlarynda tejribe alyşmakda mümkinçilik görýär. Iki ýurt hem BMG-niň hem-de Goşulmazlyk Hereketiniň agzalary bolup, halkara arenasynda hyzmatdaşlyk üçin berk binýat döredýär.

Ozal habar berşimiz ýaly, Eswatini Patyşalygynyň Patyşasy Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşdy.

Ýene-de okaň

Indoneziýa Türkmenistana täze ilçi belledi

ÝB-Türkmenistan: birinji işewürler forumy geçiriler

Metbugat duşuşygy: «Aşgabat – Tbilisi: pikirleriň we täze mümkinçilikleriň arasyndaky janly köpri»

Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygy boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ykjam goşundysy işe girizildi

Baş Sekretar Türkmenistanyň hemişelik wekiliniň ynanç hatyny kabul etdi