JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Lesotonyň arasynda telefon söhbetdeşligi

2025-nji ýylyň 7-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Lesoto Patyşalygynyň daşary işler we halkara gatnaşyklar ministri Lejone Mpotjoane bilen telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşlikde taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we halkara platformalarynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirdiler.

Ministrler, şeýle hem, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Related posts

Türkmenistandan dünýä ýalkym saçan akyldarlar: Ibn Sina we Al-Biruni

‘Huawei’ akylly äýnek öndürer

vepa

Ses bermek tamamlandy: saýlawçylaryň 97,12% ses berdi

Ata Watan Eserleri