DÜNÝÄ

Astanada “Merkezi Aziýa-Italiýa” birinji sammiti geçiriler

Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni Gazagystanda resmi saparda bolar. Bu barada gazak metbugaty habar berýär.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň dowamynda gazak-italýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barada giňişleýin pikir alşylar.

Şeýle hem 27-nji aprelde Astana şäherinde “Merkezi Aziýa-Italiýa” görnüşindäki birinji sammitiň geçirilmegine garaşylýar.

Italiýa bilen Merkezi Aziýanyň gatnaşyklary barada aýdylanda, Italiýanyň hökümeti 1991-nji ýyldan bäri Merkezi Aziýa döwletleri bilen hem syýasy-diplomaitk hem-de söwda-ykdysady we medeni-ynsnaperwer gatnaşyklaryny alyp barýar.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy bolan Italiýa guramanyň beýleki agzalayr ýaly, Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär. Italiýa Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça 2007-nji ýyldaky strategiýaysynyň çäklerindäki taslamlara hemaýat berdi. Italiýanyň Hökümeti energetika we beýleki ugurlardaky hyzmatdaşlyga has köp üns berýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilim ministriniň Pariž şäherinde ÝUNESKO-nyň Baş direktory bilen duşuşygy

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň resmi web-saýty işläp başlady

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparyny guramak maslahatlaşyldy

Ýewropa Komissiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistan bilen Gazagystan aragatnaşyk ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirer

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýada çagalar festiwalyna gatnaşdy