JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti ýapon işewürleri bilen duşuşdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen hem duşuşygy boldy. Duşuşyga ýapon tarapyndan Türkmen-ýapon ykdysady komitetiniň, «Mitsubishi Corporation», «Sumitomo Corporation», «Komatsu Ltd.», «Toyo Engineering Corporation», «Kawasaki Heavy Industries, Ltd.», «Sanko Seiko Co. Ltd.», «Muroosystems Corporation», «Tokyo Boeki Eurasia Limited», «Mitsubishi Heavy Industries, Ltd.», «Sumitomo Heavy Industries Ltd.», «Tohkemy Corporation», «ITOCHU Corporation» kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz duşuşyga gatnaşyjylara ýüzlenip, türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu duşuşygy gurandyklary üçin ýapon işewürlerine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6 göterimden gowrak derejede durnukly saklanýar. Golaýda Halkara pul gaznasy ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösýändigini tassyklady. Ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň 6,3 — 8,3 göterim bolmagyna garaşylýar.

Milli ykdysadyýetimiz, esasan, döwlet we hususy maýa goýumlaryň hasabyna ösýär. Her ýyl bu ulgama goýulýan maýa goýumlaryň möçberi jemi içerki önümiň 40 göteriminden hem geçýär. Şonuň 15 göterimi bolsa daşary ýurt maýa goýumlarynyň paýyna düşýär. Ýurduň senagat-innowasion ösüşi maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 65 göteriminden gowragynyň önümçilik pudagyna gönükdirilmegi arkaly üpjün edilýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda 44 sany maýa goýum taslamasy hasaba alyndy. Olaryň umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan geçýär. Şeýle hem bahasy 256 million ýewro we 190 milliard iýene golaý bolan taslamalar durmuşa geçirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Uzak möhletli geljegi göz öňünde tutup, ýapon işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin birnäçe anyk teklibimizi beýan etmek isleýärin. Birinjiden, Türkmenistanyň bazarynda ýapon tehnologiýalaryny we önümlerini, aýratyn-da, olary maşyn gurluşygy, elektronika, himiýa senagaty ýaly pudaklarda ornaşdyrmaga taýýardyrys. Ikinjiden, biziň ýurdumyz suw tygşytlaýjy we arassalaýjy, galyndylary gaýtadan işlemek, “ýaşyl” hem-de wodorod energetikasy boýunça ösen ýapon tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Üçünjiden, Türkmenistanda kiçi we orta ýapon kärhanalarynyň işewürligi ýöretmek, Ýaponiýada türkmen kärhanalarynyň iş alyp barmak mümkinçiligini öwrenmegi teklip edýärin diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Türkmenistanyň bu teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny, ykdysady hem-de işewürlik hyzmatdaşlygyny ynamly meýilleşdirmek üçin ýurdumyzda ähli şertleriň bardygyny aýtdy.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz ýapon işewürlerini Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Aşgabatda geçiriljek halkara foruma hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çagyrdy.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy