ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Ata Ilamanow: aýdym–sazly ömür

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Ata Ilamanowyň doglan gününiň 80 ýyllygy mynasybetli dabara geçiriljekdigini eşitdim. Ata Ilamanow aýdymlaryny söýüp diňleýän aýdymçylarymyň biri bolansoň, ol hakynda ýatlama ýazmak pikiri kelläme geldi. Onsoň arhiw maglumatlaryny öwrenmäge girişdim.

Ata aga alty doganyň biri. Üç aýal dogan, üç erkek dogan. Körpe inisi (Bazar aga) Gurbanmuhammet Ilamanowyň telefon belgisini tapyp jaňlaşdyk. Ol agasy Ata aganyň terjimehalyny hemem arhiw suratlaryny tapyp berdi. Ilki bilen terjimehaly bilen tanyşdyk.

Ata Ilamanow  1945-nji ýylyň 17-nji maýynda Mary welaýatynyň Wekil-Bazar etrabynyň Çarlakýap obasynda doglan. Ol ilki dogduk obasyndaky ýedi ýyllyk mekdepde, soňra Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde bilim alýar. 1961-nji ýylda orta mekdebi tamamlap, şol ýyl paýtagtymyzda ýerleşýän Daňatar Öwezow adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölümine okuwa girýär. Bu ýerde ol esasy halypasy Türkmenistanyň at gazanan artisti Bäşim Artykowdan we başga-da birnäçe ussat mugallymlardan  tälim alýar. 1965-nji ýylda-da tapawutlanan diplom bilen okuwyny tamamlap, şol ýylda-da Moskwanyň Petr Iliç Çaýkowçkiý adyndaky konserwatoriýasynyň wokal bölümine okuwa girýär. Konserwatoriýany 1971-nji ýylda üstünlikli tamamlap, paýtagtymyzdaky  öňki opera we balet teatrynda işe başlaýar.

Onuň teatr sahnasynda döreden keşpleri hakynda «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», halypa mugallym Gözel Hummaýewa ynha, şu maglumatlary aýtdy.

— Teatrda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyry Mämmetweli Keminäniň doglan gününiň 200 ýyllygy mynasybetli «Kemine-Kazy» operasy sahnalaşdyrylýar we Ata Ilamanowa Daňataryň keşbi ynanylýar. Bu keşp Ata Ilamanowyň opera sahnasynda döreden ilkinji roly. Soňra ol «Zöhre-Tahyr» operasynda Tahyryň, «Keýmir Kör» operasynda Abu Serdaryň, «Leýli-Mežnun» operasynda Kömegiň, «Gowgaly gije» operasynda Nazarowyň, «Aýna» operasynda Sapar çaýçynyň hem Derýanyň, «Gunça» operasynda Amanyň we başga-da ençeme keşpleri döredýär.  Ata Ilamanow diňe bir türkmen operalarynda däl, daşary ýurt eserlerine sahnalaşdyrylan operalarda-da  birnäçe keşpleri janlandyrdy. Olardan: rus operasy «Ýewgeniý-Onegin»-de Trikeniň, italýan operasy «Paýasy»-da Arlekiniň, «Sewil dellegi» operasynda Graf Almawiwonyň, «Ajaýyp Ýelena» operasynda Ýelenaň söýgülisiniň keşbini döretdi — diýip ýadyna düşenlerini ýatlady. Onuň ýerine ýetiren rus aýdymlary, romanslary-da köp. Ata Ilamanowyň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň sazyna döredilen «Artygyň aýdymy» Moskwada ýazgy edilýär.

Ata Ilamanow gysga ömründe uly yz galdyran, türkmeniň bilbil owazly aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Ýolaman Hummaýewiň agasy Ilaman Hummaýewiň ogly.  Onuň atasyna Humma bagşy, kakasyna Söýeg bagşy diýipdirler. Arhiw ýazgylaryň arasynda Ata aganyň özi barada aýdan gürrüňlerine gabat geldik.

— Ol wagtlar men ýedi ýaşly oglandym. Atalarynyň ady dakylan bolamsoň meni has gowy görerdiler. Ýolaman kakam oba gezmäge gelende maňa sowgat getirerdi. Obaň çagalaryny awtoulagda aýlardy. Iň soňky sapar ony Marynyň demir ýol menzilinde Moskwa hassahanasyna ugradanlarynda görüpdim. Enem pahyr käte-käte «Balamyň ysy gelýär» diýip onuň geýen köýnegini ysgardy. Ýaraman ýörkä «aýagyňam çişipdir» diýip enemiň aglany ýadyma düşýär. Menem Ýolaman kakamy diýseň gowy görerdim. Şonuň ýaly  aýdymçy bolmagy arzuw ederdim. Emma kakam meni söwda ugrundan okatmak isledi, ýöne enem Orazbibi eje ogly Ýolaman kakamyň ýoluny dowam edip, sungata baş goşmagymy arzuwlap ak pata berdi — diýip gürrüň berýär.

Şu makalany taýýarlamak üçin onuň dost-ýarlarynyň, şägirtleriniň hem-de ýakyn hossarlarynyň käbirleri bilen gürrüňdeş bolduk.

Ata Ilamanowyň bir mekdepde bile okan synpdaşy, alym gelneje Gurbanjemal Ylýasowa şeýle gürrüň berdi. Ol okuwçy döwründe synpdaşlary bilen bile düşen arhiw suratlaryny eline alyp:

— Ata bilen Mary şäherindäki 10-njy orta mekdepde bile okadyk. At dakylan bolansoň biz oňa Kakajan diýerdik. Ynha, şu surat dürli milletlerden jemlenen  synpdaşlar bolup 1960-njy ýylda üýşüp düşen suratymyz.  Muhammet Aýdogdyýew, Ata Ilamanow, alym joram Käbe Borjakowanyň adamsy  Gurbangeldi Badyşew dagy bilen bir synpda okadyk. Mekdebimiz internatly mekdepdi. Salamat Muhtarowna Rajapowa diýen juda sowatly mugallymymyz bardy. Özem özbek milletindendi. Şol mugallym bizi türkmen edebiýaty sapagyndan okatdy. Halk dessanlarymyzy öwredende hasam täsirli okadardy. Dessanyň kyssalaryny çeper okap, goşgularyny aýdym edip aýdardy. Häzirem ýadymda. «Şasenem-Garyp» dessanyny okanda sesli okap, Şasenemiň enesine ýalbaryp aýdýan goşgusyny:

«Ene men dertlini ýandyrma beýle» diýip,  aýdym edip aýdyp soňra-da:

— Kakajan, hany senem Garybyň sözlerini oka-da, goşgularyny aýdym edip aýt —  diýerdi. Olam:

«Keşt edip gezen gedalar,

Şasenemi gördüňizmi?

Dolup-daşyp akan çaýlar,

Senem jany gördüňizmi?» diýip, okuwçy döwründe-de Garybyň ariýalaryny aýdardy. Şo wagtlaram onuň diýseň gowy owazly sesi bardy. Soň orta mekdebi tamamladyk. Synpdaşlarymyzyň köpüsi meşhurlyga ýetdiler. Muhammet Aýdogdyýew Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň direktory, Dünýä türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň başlygy, Taryh ylymlarynyň doktory boldy.  Ata Ilamanow 1984-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti», 2009-njy ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly atlaryň eýesi boldy.

Talyplyk ýyllarymyz bile okan gyzlarymyz bilen opera görmek üçin teatra giderdik. Opera sungaty naýbaşy sungat. Şeýle beýik sungata bile okan synpdaşymyzyň ömrüni bagyş edip, uly yz goýmagy hasam begendirýär. Her kim bir kärde işledi, ýöne birek-biregi ýatdan çykarmadyk. Ata neresse agyr ýagdaýda ýatyrka şahyr Sona Ýazowa, alym Amangül Durdyýewa dagy bilen soramaga öýüne bardyk. Neresse degişgendi. Tanyşlarynyň biri oňa: «Ata aga, maňa täze jaý berildi» diýip aýdypdyr. Şonda Ata bu habara begenýändigini aýdyp: «Maňa-da ýakyn wagtda  Çoganlydan jaý bererler» diýip degişme bilen ýylgyryp, saglyk ýagdaýynyň öwerlik däldigini duýdurypdyr. Ol durmuşda diýseň mertdi, hemişekisi ýaly ölüminem mertlik bilen kabul edipdi. Jaýy jennet bolsun! — diýdi-de, «ýöne onuň şeýle gowy gelinleri bardyr. Hökman öýdeş gelinleri Eneş bilenem gürrüňdeş bolgun. Irden işe gidýändir. Işden soň baraýgyn, kän zatlar gürrüň berer — diýip öý salgysyny aýtdy.

Onsoň olaryň öýlerine bardym. Iki sany agtygy bar eken. Tanyşdyk.

— Meniň adym Isa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetiniň 4-nji ýyllyk talyby. Jigimiň ady  Musa, ol şol ýokary okuw mekdebiň geografiýa fakultetiniň 1-nji ýyllyk talyby. Atam ýogalanda sekiz ýaşymdadym. Käbir pursatlar ýadyma düşýär. Çagalar bagyna äkidýärdi. 2006-njy ýylda şu jaýymyza Berzeňňiden göçüp geldik. Şonda öýmüziň golaýyndaky mekdebe gatnajak bolduk. Ejem bilen mekdebe bardyk welin, «ýer ýok» diýip almadylar. Onsoň ertesi gün mekdebe atam bilen bardyk. Direktor atamy görenden: — Ata aga seniň agtyklaň bolsa ýer tapmaly bolar — diýip kabul etdi. Çagalar bagyna gatnaýarkam terbiýeçim atama: «Ata aga, agtygyňa-da aýdym öwret, bäsleşiklere gatnaşdyrjak» diýdi. Atam dutar çalyp, menem gapdalynda «çapyksuwaryň aýdymyny» aýtdym. Şol çykyşymy teleýaýlymda-da görkezdiler. Atamyň özi pianino saz guralyny hem dutar çalardy. Jigim Musa paýtagtymyzdaky 3-nji sazçylyk mekdepde skripka hünärinden okady. Mugallymlary jigime köplenç «halypanyň agtygy» diýip ýüzlenerdiler. Maňa bolsa atam dutar çalmagyň ilkinji kakuwlaryny, perde tutmagy öwretdi. Atam kiçikäk ýogalansoň, başga kän ýatlama ýadymyza düşenok. Häzir ejem geler — diýdi. Oňa çenli ejesi gapydan girdi. Ol saglyk-amanlyk soraşdy-da:

— Nesip bolsa, ýakyn günlerde toý tutmakçy. Oglumyz Isa jany öýerjek bolýas. Gaýyn atamyň dört ogly bardy, bir ogly özi aýatda bar wagty ýogaldy. Perzendiňi ýitirmek ene-ata üçin agyr zat. Häzir gaýyn atamyň üç ogly, bäş agtygy bar. Agtyklarynyň hemmesi oglan. Tüweleme, yzly-yzyna öýeribermeli. Men ikinji ogly Ýusubyň gelni. Gaýyn atam kakam ýalydy. On iki ýyl bir öýde ýaşadyk. Ol barada ýatlama kän. Gowy maslahatçymyzdy. Öýümi öý edenem, aýdan öwüdi bilen ýol ýörelgämi ugrukdyranam gaýyn atam. Ojagymyň diregidi. Daýym dünýeden gaýdansoň, öýmüz boşan ýaly boldy. Iki oglum içki otagda atasynyň ýanynda bile ýatardylar. Daýym ýogalansoň, şol otaga giresim gelmedi. Bir gün onuň ýatan otagynda hümür-hümür ses bar. Barsam iki oglum öz aralarynda erteki aýdyp otyrlar. Meniň-ä olara erteki aýtmaga elim degenok. Kim öwretdi? — diýip soradym. — Atam her gije ýanynda ýatamyzda erteki aýdyp bererdi. Indi atam bolmansoň, öwrenen ertekilerimizi bir-birimize aýdýas — diýdiler. Otagdan aglap çykdym — diýip gözüni ýaşlady. Soňra ýene gürrüňini dowam etdi. — Bir gezegem kiçi oglum göwrämde-kä keselhana girmeli boldum. Uly oglum üç ýaşyndady. Oglumy ejeme goýup gitdim. Gije oglum: «Atamyň ýanynda ýatjak» diýip, aglap sesini goýmandyr. Ahyry çydaman ejem: — Guda, agtygyň bilen bir gürleş-de köşeşdir? — diýip gaýyn atama jaň edýär. Daýym jaňlaşyp:

— Oglum, aglamada ýat, ertir seni alyp gaýdaryn — diýip gürleşýär. — Soňam gije sagat iki töweregi gapy kakylýar. Kimkä? — diýip gapyny açsam guda gelipdir. Agtygym aglady welin, ukym tutmady, öýe alyp gideýin — diýip alyp gaýtdy. Ertesem irden ýene eltip, özem işe gitdi — diýip ejem gürrüň berdi. Gaýyn atam agtyklaryny diýseň gowy görerdi. Çagalarymy seýilgähe, bazara äkidip aýlardy. Çaga bilen çaga ýaly, uly bilen uly ýaly gürleşerdi. Maşgalamyzda käbir zady maslahatlaşylanda: «Eneş näme diýýär, hany, onuňam pikirini diňläliň!» diýerdi. Ýoldaşym: — Eneşiň pikiri hökmanmy, özümiz çözeris — diýse, «Eneşem maşgalamyzyň bir agzasy, geňeşmesek bolmaz» diýip maňa uly hormat goýardy. Özem nahar bişirmäge-de ökdedi. Moskwada okaýarkam köplenç palaw bişirerdim — diýip, her şenbe güni içine sarymsak gömüp palaw bişirerdi. Iň soňky gezek ýarawsyz wagtam bazardan tüwi, käşir getirip palaw atarjak boldy. Daýy, size gyzgyna barmak bolanok, diýsemem:

— Öňki edýän hereketlerimi küýseýän — diýip yhlas etdi, ýöne bişirip bilmedi. Ýaramasa-da aýak üstünde gezdi. Işini şeýle bir söýýärdi. Tomusky dynç alşa çykyp soňam ýaramady. Daýy, bolmasa işden çykaý diýdik. «Durmuşym aýdym bilen saz bilen geçdi ahyry, işden çyk diýmäň!» diýdi. Gaty mert adamdy. Bary-ýogy 20 gün töweregi düşekde ýatdy. Aşyr Abdyllaýew, Sona Ýazowa, Gurbanjemal Ylýasowa, Hoja Babaýew başga-da tanyş-bilişleri soramaga gelerdiler. Gaýyn atam 2011-nji ýylyň 9-njy dekabryna geçilen gije anna agşamy ýogaldy, ertesem Çoganlydaky gonamçylykda ýerlendi. Gaýyn atamyň özünden başga Akja eje, Enebaý eje, Bossan eje, Hommatguly aga, Bazar kaka diýýäs — Gurbanmuhammet kaka atly doganlary bar. Dogan-garyndaşlarymyz toý tutsa toýlarymyzyň başyny gaýyn atamyň aýdymy bilen başlaýas. Nesip bolsa oglumyzyň toýy golaýlaýar, şonda-da toýumyzy gaýyn atamyň aýdymy bilen başlarys — diýdi.

Öýüň diwarynda Ata aganyň agtyklary bilen hemem ýekelikde düşen suratlary asylgy dur. Suratlary synlap durşuma neressäniň özüni gören ýaly boldum. Berzeňňide ýaşaýarkak her gün irden ol öýmüziň gapdalyndan işe geçerdi. Her günem elinde ullakan sumkasy bardy. Agramly sumkadan ýegşerilip barýan ýaly duýulýardy. Öz güzeranymyz bilen bendäniň nirede ýaşaýanyny anyk bilemokdym, indi eşitdim welin şo mahallar öýleri öýmüzden uzakda-da däl eken. Özi bilen gürrüňdeş bolmasamam, teleýaýlymdaky çykyşlaryndan gaýybana tanaýardym. Ýüzi nurana, şeýle bir şadyýan adama meňzeýärdi. Kompozitorlar Çary Nurymowyň şahyr Ata Atajanowyň sözlerine döreden «Gitme sen», «Toý aýdymy», Rejep Gutlyýewiň şahyr Magtymguly Myşşyýewiň sözlerine döreden «Oba gyzlary» ýaly aýdymlaryny häzirem teleradioýaýlymlardan diňleýän. Onuň «Çap atym, çap!» aýdymyny hasam gowy görýän. Göwnüň çökgün wagtyňam ruhy taýdan ganatlandyrýan aýdym. Onuň aýdymlarynda özboluşly owaz bar. Haýsy aýdymyny diňleseň sazynyň ilkinji kakuwyndan Ata aganyň owazyny eşidip bolýar. Ol aýdymlary bilen halka özüni ykrar etdiren aýdymçy. Onuň «Şasenem-Garyp» operasynda döreden Ilmyradyň keşbinem teleýaýlym arkaly bölekleýin görüpdim. Täsin sahna hereketleri bilen eli palawly tabakly «Palawa gel!» aýdymy aýdyşy göz öňümde dur — diýenimden Eneş:

— Şol işe göterýän ullakan sumkasyny doglan gününe uly gaýyn agam Arslan alyp berdi. — Kaka, doglan günüňe  näme sowgat alyp bereýin diýse: «Şu sumkany alyp beräý, oglum!» diýip aldyrypdyr. Ýadyma düşýä, sumkasynyň içine notalaryny, kitaplaryny salyp işe giderdi — diýip gürrüň berdi.

Ata aganyň mugallym bolup, konserwatoriýada işländigini bilýärdim. Sebäbi onuň şol ýokary okuw mekdebinde okadyp, ýetişdiren şägirtleriniň käbirlerini gowy tanaýan. Ata aga diňe bir aýdymçy ýa-da  artist däl, ussat mugallym hökmünde-de  giňden tanalýar. Şol sebäpli onuň köp taraply zehini, häsiýet aýratynlyklary barada  bilmek gyzyklandyrdy. Bir zada göz ýetirdim. Gürrüňdeş bolan adamlarymyň  ählisem Ata aganyň adyna diňe öwgüli sözler aýtdylar. Onuň körpe inisi Bazar aga:

— Ata dünýäden ir gitdi. Ol ömrüniň 50 ýylyny sungata bagyş etdi. Agam bolany üçin aýtdygym däl, zehini daş ýarýan aýdymçydy. Gaty zähmetsöýerdi. Çaga ýaly ynanjaňdy. Degişgendi.  Ýolaman kakam  ýaly ýerine ýetirýän eserlerine içgin aralaşyp, öz gahrymanlaryny her taraplaýyn görkezmäge çalşardy. Atanyň ýerine ýetirmeginde ençeme aýdymlar kalbymyzda müdimilik orun aldy. Sungatyň dili ýürekdir. Aýdymy ýürek aýdýar. Atanyň aýdymlary ýürekden çykansoň, ony telim gezek gaýtaladardylar. Onuň «Troýka» diýen rus aýdymyny aýdyşyna haýran galardylar, hezil edip çapak çalardylar. Moskwada N.N. Nekrasowyň orkestri bilen ýazgy edilen «Troýkany» aýdanda, ýazga gatnaşan artistlerem, režissýordyr operatorlaram Atanyň bu aýdymy ýerine ýetirişine guwanyp, türkmen aýdymçysynyň şanyna dik durup el çarpypdyrlar.

«Meniň dostum Meleguş» filimi üçin ýazylan «Altynyň aýdymy» hut Atanyň sesi üçin, Altynyň aýdyş usuly göz öňünde tutulyp ýazylan ýaly. Atanyň «Çap atym, çap»-y bedewleriň «ganat gerip» uçuşy ýaly, Atanyň sungatyna-da ganat bitirdi, adyna meşhurlyk getirdi. Ata 20-ä golaý daşary ýurtlaryň sahnasynda çykyş etdi. Şweýsariýada, Liwiýada, Daniýada, Owganystanda,  Pakistanda, Arabystanda, Germaniýada, Günorta Afrikada, Mongoliýada, Moldawiýada, Ukrainada, Rossiýa Federasiýasynyň Moskwa, Sankt-Peterburg şäherlerinde, Irkutskide  tomaşaçylara öz aýdan aýdymlary bilen ruhy lezzet paýlady. Moskwa konserwatoriýasynda türkmeniň serkerde şahyry Seýitnazar Seýdiniň ýubileý senesi mynasybetli geçirilen dabara belli ýazyjylar Çingiz Aýtmatowyň, Resul Gamzatowyň gatnaşandygyny aýdypdy. «Kompozitor Rejep Rejebowyň Ýolaman Hummaýewe bagyşlap döreden «Daş galdy» aýdymyny, meşhur rus aýdymçysy Lemeşewiň aýdan Bulahowyň «Troýka» aýdymyny SSSR-iň halk artisti N.N.Nekrasowyň sazandarlyk edýän güýçli orkestri bilen Moskwada ýazgy edipdik» diýip,  Ata bu aýdymy aýdyşyny ýatlaýardy — diýip, agasy bilen bagly ýatlamalary gürrüň berdi. Söhbetdeşligimizde Ata aganyň uly ogly Arslanyň gelni Jennet bilenem gürrüňdeş bolduk.

Ol: — Gaýyn atam iýmegem, iýdirmegem gowy görerdi. Ilki gelin bolup geläýen wagtlarym: — Gelin, nahar bişirip bilýäňmi? Bal gaýnadyp bilýäňmi? Kompot ýapyp bilýäňmi? Banka tomat ýapyp bilýäňmi? — diýip sorady. Agzym ýaşmakly haýsy zat sorasa «hawa» diýip baş atyp durun. Bazardan ýüklenip gelerdi. Öň öýde kiçiligimden nahar bişirip öwrendim. Manty, işlekli, somsa garaz, her dürli nahar bişirerdim. Begenip doganlaryna gürrüň berip, olary myhmançylyga çagyrardy. Bir günem işden öýe gelsem gaýyn atam gaz pejiň üstünde kellebaşaýak ütüp dur. Elim bilen «aýryl, özüm üterin»  diýip düşündirdim.

— Sen şäher çagasy, kellebaşaýak ütüp bilýäňmi? — diýip sorady. Ýene «hawa» diýip baş atdym. Soňra-da gyzgyn suwa salyp kelläni arassalap ütdüm welin, «bilýän ekeniň» diýip begendi. Bir günem bazara gitdim. «Jennet, bazara gitdi» diýseler, «Gelin, bu ýagdaýda saňa agyr ýük götermek bolanok ahyry» — diýip ulagy bilen yzymdan baraýdy. Özem haýsy zady gürrüň berse gülkünç edip gürrüň bererdi. Indi bu pursatlaryň ählisi ýatlama bolup galdy. Käte awtoulagda barýarkak birden ulagyň radiosyndan gaýyn atamyň aýdymlary ýaňlanýar welin, gözümden ýaş syrygyberýär — diýip tolgunma bilen gürrüň berdi. Dogrymy aýdýan. Ata agany gelinlerem juda gowy görýän ekeni.

Soňra Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi  Nury Allaberdiýew bilen gürrüňdeş bolduk. Ol:

— Ata Ilamanow gowy görýän  dostlarymyň biridi. Onuň bilen Moskwada okaýan döwrüm tanyşdyk. Ol şo mahallar Moskwa konserwatoriýasynyň soňky ýyllyk talybydy. Moskwa öňden belet bolansoň, biziň aramyza ýygy-ýygydan gelerdi. Şeýdibem biz onuň bilen dost bolduk, aga-ini ýaly ýakyn bolduk. Özümden bäş-alty ýaş ulurak bolsa-da men oňa Ataşka diýerdim. Ata dünýeden gaty ir gitdi. Gaty gynanýan. Wagtyndan ir gideni üçinmi, meniň üçin häzirem ol Ataşkalygyna galdy. Ahmet Bekmyrat, Orazgeldi Ylýas, Nury Halmämmet, Gurbannazar Eziz, Halyl Kuly, Italmaz Nury ýaly başga-da dünýeden ir giden sungat ussatlarymyzyň hatarynda Ata Ilamanowam goýýan. Olar şol gysga ömürlerinde uly yz goýup gitdiler, ýöne men käte oturyp pikir edýän. Häzir ýaşap ýörenlerinde nämeler dörederdilerkä, diýip oýlanýan. Ataşka juda  mähribandy. Sadadan, göwni açykdy. Gysgarak, ýörände uly zat göterip gelýän ýaly keşbi gözümde galdy. Sataşsa gujaklaşyp salamlaşardyk. Baýramçylyk çärelerine barsam, eýýäm öňürti gelip, oturan ýerinden: «Gel, ýanymda ýer bar» diýip elini bulap çagyrardy. Men ony aýdymçy hökmünde has gowy tanaýan. Buldurap duran sesi bar. Sesiniň owazy ýakymly, her bir aýdýan aýdymyny kalbyny bagş edip aýdardy. Bir gezek ol Germaniýa iş sapary bilen gidende, şol ýurduň žurnallarynyň birinde meniň suratym çap bolupdyr. Begenip žurnaly satyn alyp gelipdir. Jaň edip aýtdy. Menem:

— Ataşka, onda, maňa şol žurnaly berersiň-ä?— diýdim.

— Bir göle berseň bererin — diýip güldi. Ol gaty degişgendi. Birden öýlerine barsaňyz, agtyklaryndan şol žurnal öýlerinde barmyka, gyzyklanaýyň. Neresse ýogaldy-da alyp bilmän galdym — diýdi.

Nury aganyň gürrüňlerinden soň, Ata aganyň mugallym hökmünde ussatlygy hakynda şägirdi, halypa mugallym Aman Amanow bilenem gürrüňdeş bolduk. Ol:

— 1992-1997-nji ýyllar aralygynda Türkmen milli konserwatoriýasynda bilim aldym. Halypam Ata Ilamanow konserwatoriýanyň «Ýekelikde aýdym aýtmak» kafedrasynda mugallymdy. 1997-nji ýylda ýokary okuw mekdebi tamamlap, häzirki Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýaş hünärmen bolup işe başladyk. Şol ýerde Ata Ilamanow, Aýdogdy Gurbanow, Aman Igliýew, Maýa  Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa we başga-da birnäçe uly halypalar işleýärdiler. Ata aganyň döredýän sahna keşpleri dünýä garaýşymyzy giňeltdi. Onuň Adrian Şapoşnikow bilen Daňatar Öwezowyň «Şasenem-Garyp» operasynda «Palawa gel!» aýdymy aýdyşy,  dürli hereketler bilen tans edişi işimize höwesimizi artdyrýardy. Her keşbi döredemizde uly halypalaryň synagyndan geçmeli bolýardyk. Ata aga kän zatlar öwretdi. Onuň şeýle bir beýik adamkärçiligi bardy. Adamyň göwnüne degen ýerine gabat gelmedim. 2006-njy ýylda konserwatoriýa işe geldim. Bu ýerde «Saz mugallymy» kafedrasynda Ata aga şägirt bolup bile işlemek miýesser etdi. Ata aga 20-30 ýyl mugallym boldy. Her eseri talyba öwredemde-de ilki bilen halypam Ata aga «diňläp gör» diýerdim. «Bolýa-bolýa Aman jan» diýip diňlärdi. Kemçiligi, bärden gaýtmalary bar bolsa-da, ýüzüňi alyp ýa-da gaharly söz aýtmazdy. «Özüm bolan bolsam şu ýerini şeýleräk alardym, bu ýerini beýleräk düzederdim» diýip şeýle bir mähir bilen düzediş bererdi. Talybam, ýaş mugallymam ondan öýke-kine etmezdi. Derrew aýdan belliklerini düzetmek bilen bolardyk. «Aýdymçylaň öz dem alşy bar, biraz demiňi sakla, egniňi kän galdyrma, sesiň titräp çykmasyn» diýip öwrederdi. Iň bärkisi iş sapary bilen gitjek bolanymyzda-da, «Ýolagçy bolsaňyz öňi bilen iýýän-içýän iýmitiňize serediň!» diýip öňünden taýýarlardy. Moskwada okan wagtyndaky talyplyk ýyllaryny, iş saparlarynda bolandaky wakalary, degişme gürrüňleri aýdardy. Agasy Ýolaman Hummaýew hakynda kän gürrüň bererdi. Onuň Oraz Atajykow atly tenor sesli diýseň güýçli şägirdi bar. Gökdepeli ýigit, ýöne ol häzir ýarawsyz ýatyr. Ata aganyň başga-da ýetişdiren şägirtleri kän.

Bir gezek Ata halypa, Aýdogdy Gurbanow, Myrat Baýramgeldiýew dagy bilen üç bolup otyrkalar Medeniýet Şahberdiýewa geldi. Onuň ýanynda hemişe pişmedir köke, çörek bolardy. «Iýersiňiz» diýip goýup gitdi. Bizem ýaş şägirt. «Uly halypalar gury çörek iýmesinler» diýip, çaý demläp getirip berdik. Halypa Myrat Baýramgeldiýew, men, maşgalam Bibijemal dagymyz bile işleýäs. Myrat aga: «Obada bir zerur işim çykdy, gidip geljek. Teatrda-da işim bar, ýerime özüň gaýrat edersiň-dä, Ata aga» diýse, «näme töleýäň, goý şu ýerde» diýip degşerdi. Myrat aga-da: «Garrygalaň gowy narlaryndan getirerin» diýdi.

Bir günem maňa nota gerek boldy. — Talyplaň biri gelsinde, notalaryň göçürme nusgasyny çykardyp gelsin — diýdi. Onsoň bir talyby çagyrdym. Ol geldi welin: «Bar gitde — okuw torbaňy alyp gel, ýanymda dursun» diýdi. Soňam: «Şu torbasy gerek bolsa hökman dolanyp geler. Şeýtmeseň bolanok, Aman jan, kän notalar gidendir» diýip güldi. Garaz, Ata agadan islendik pursat öwrenere zat kändi. Ata aganyň dury, owadan liriki tenor sesi bar. Onuň arhiw ýazgylaryny diňlänimde şeýle beýik halypanyň şägirdi bolanyma buýsanýan. Arman, Ata aga dünýeden ir gitdi, imany hemra bolsun! — diýip dileg etdi.

Akgül Saparowa.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Oguldurdy Mämmetgulyýewa :aýdyma meňzeş ýatlamalar

Myrat Nyýazow: gülki meýdanynyň pälwany

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän şahsyýet

Ata Watan Eserleri

Allaýar Çüriýew: soraň, bilenimi aýdaryn

Ata Watan Eserleri

Esger Möwlamow: halypa sazandanyň sarpasy

Ata Watan Eserleri

Ýelizaweta Garaýewa: kino sungatymyzyň «Karkarasy»