JEMGYÝET

Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna 50-den gowrak türkmen firmalary gatnaşýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri “akylly” şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen şäherde gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Maslahatyň dowamynda D.Orazow täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu tapgyrda meýilleşdirilen gurluşyklara ýerli gurluşyk kompaniýalarynyň we hususy kärhanalaryň 50-den gowragy gatnaşýar. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň gurluşygynda ýerli hem-de daşary ýurtlaryň dünýä belli kompaniýalarynyň 5-si işleýär. Şeýle-de D.Orazow Ýaponiýa we Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrmaga hem-de şol ýurtlarda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň binalarynyň enjamlaşdyrylyşyna gatnaşmaga isleg bildirýän kompaniýalar bilen ylalaşyklary degişli resminamalar arkaly berkitmäge döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize hem-de Milli Liderimize hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, halkara maliýe guramalarynyň Arkadag şäheri bilen hyzmatdaşlyk etmäge bolan gyzyklanmalary barha artýar. Häzirki wagtda şäherde Gün panelleri arkaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden elektrik energiýasyny öndürmek maksady bilen, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini gaýtadan işlemek üçin niýetlenen taslamalara grant goldawyny bermek boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Mundan başga-da, Arkadag şäherinde guruljak döwrebap awtomenziliň we ikinji tapgyrda bina ediljek ýokary tehnologiýaly önümçilik toplumlarynyň gurluşygyna grant goldawy görnüşinde maliýe serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanma bildirilýändigi aýdyldy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikinji tapgyrda önümçilik desgalarynda ýerine ýetirilýän gurluşyk işleriniň depgininiň ýokarlandyrylmagy, ýerli çig mallardan öndüriljek önümleriň dünýä bazarlaryna eksport edilmegi barada-da birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň syýahatçylyk mümkinçilikleri Aşgabatda tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Ýaş nesliň saglygyny goramak – ileri tutulýan wezipe

Haýyr-sahawat gaznasynyň wekilleri Özbegistanda saparda bolarlar

AFK-nyň Çagyryş ligasy: “Arkadag” topary finala çykdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda ýapon-türk hyzmatdaşlygynda täze karbamid zawody gurlar

Ata Watan Eserleri

«Kudo Kudo» restorany: Aşgabatda täze nokadyny açdy