DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Bütindünýä Söwda Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 9-njy aprelinde Ženewa saparynyň çäginde Türkmenistan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) Baş direktory Ngozi Okonjo-Iweala bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar häzirki özara gatnaşyklar we Türkmenistan bilen BSG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşleri, şol sanda Türkmenistanyň bu gurama goşulmagy bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

BSG-nyň Baş direktory Türkmenistanyň BSG-ä goşulmak bilen baglanyşykly edýän tagallalaryna ýokary baha berdi. Okonjo-Iweala, Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna – Prezident Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ugurdaky strategiki goldawlary üçin aýratyn hoşallygyny bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň köptaraplaýyn söwda ulgamyna integrasiýa ugrundaky ädimleriniň çäginde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygy tassyklandy.

Related posts

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanda täze bellenen ilçileriniň 20-si ynanç hatlaryny gowşurdy

Mihail Gusman: rus jemgyýetçiliginiň Türkmenistana bolan gyzyklanmasy artýar

Türkmen-özbek hökümetara toparynyň mejlisi