JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkara wekiliýetler bilen duşuşygy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saud, şeýle hem Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidenti Şeýh Joaan bin Hamad Al Tani bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky döwletara gatnaşyklar açyklyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak häsiýeti bilen tapawutlanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri medeni-ynsanperwer ulgamy türkmen-saud gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belläp, Türkmenistanyň bu ugurda iki doganlyk halky ýakynlaşdyrmaga hyzmat etjek anyk işleri durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.

 Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň bu möhüm ulgamda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwrebap sport infrastrukturasyny döretmek, türgenler üçin amatly şertleri üpjün etmek, halkara ýaryşlary geçirmek ýurdumyzyň sport syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Diýarymyzda birnäçe sport federasiýalary hereket edip, sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek üçin zerur tagallalar edilýär.

Milli Liderimiz şu günki duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmakda we Olimpiýa hereketiniň ösüşine goşant goşmakda möhüm ädim boljakdygyny belläp, Katar Döwletiniň Olimpiýa Komitetiniň prezidentiniň ýurdumyza şu saparynyň sport ulgamyndaky özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Ýene-de okaň

Medeniýet we sungat işgärleriniň hünär baýramy bellendi

Azerbaýjanyň sowgat beren “Dostluk” atly gämisi Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna geldi

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Oguljahan Atabaýewa birnäçe möhüm duşuşyklary geçirdi

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Arkadag şäherinde täze desgalar gurlar

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gaznalary sergi gurar