DÜNÝÄ

Kanadanyň täze Premýer-ministri – Mark Karni

Kanadanyň ozalky Merkezi bankynyň başlygy Mark Karni ýurduň dolandyryş partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesine saýlandy. Jastin Trýudo wezipesinden çekilmegi bilen, Mark Karni ýurduň täze Premýer-ministri bolar.

– Biziň täze ýolbaşçysymyz Mark Karnini hödürleýäris- diýip, partiýanyň geçirilen gizlin ses bermeginiň netijesinden soňra berlen beýanatda bellenilip geçildi.

Mark Karni ýurduň dolandyryş partiýasynyň ýolbaşçysy wezipesinde saýlanandan soňra eden çykyşynda öz ýurdunyň hiç haçan ABŞ-nyň bir bölegi bolmajakdygyny aýtdy.

Karni tejribeli ykdysaydýetçi. Ol 2008-nji ýyldaky ykdysayd çökgünlikden öz ýurduny alyp çykarmagy başardy. Bu üstünligi oňa Angliýanyň bankynyň başlygy wezipesine saýlanmagyna mümkinçilik berdi we bu wezipä Birleşen Patyşalygyň çäginden daşarda bellenen ilkinji ýolbaşçy boldy.

Bu wezipede 2020-nji ýyla çenli işledi, soňra BMG-niň howanyň üýtgemegi we maliýe boýunça ýörite wekili boldy.

Related posts

Putin: Hazarýaka ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

GDA: saýlawlar ýokary bäsdeşlik ýagdaýynda geçirildi

Ata Watan Eserleri

Elektroulaglar üçin batareýa önümçiligine girişer