SPORT

Aşgabatda AFK-nyň zenanlar futbol güni bellenildi

Aşgabatda «AFC Women’s Football Day 2025» — AFK-nyň zenanlar futbol güni bellenildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň guramagynda geçirilen çäräniň esasy maksady ýurtda zenanlaryň futbola bolan söýgüsini ýokarlandyrmakdan hem-de ýaşajyk gyzjagazlary futbol bilen meşgullanmaga höweslendirmekden ybarat boldy.

Futbol festiwalyna Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysynyň oýunçylary we ýaş futbolçylar gatnaşdylar. Baýramçylyk maksatnamasynyň çäginde ýörite bäsleşikler guralyp, gyzlar üçin futbol festiwaly geçirildi. Gyzjagazlar dürli ugurda öz başarnyklaryny görkezdiler. Futbol festiwalyna isleg bildirýänlere gatnaşmaga mümkinçiligiň döredilendigini hem onuň gerimini giňeltdi. Baýramçylyk äheňinde geçirilen futbol festiwalyna futbola höwesek gyzjagazlaryň 200-den gowragynyň gatnaşandygyny aýratyn bellemek gerek.

Futbol festiwalynyň soňunda gatnaşyjylara TFF-niň taýýarlan ýörite sowgatlary, futbol toplary dabara bilen gowşuryldy. Baýrak gowşurylyş dabarasy TFF-niň başlygy Guwançmuhammet Öwekowyň, TFF-niň başlygynyň orunbasary Nazar Çöliýewiň hem-de TFF-niň Baş sekretary Serdar Geldiýewiň gatnaşmagynda geçirildi.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady