2025-nji ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A. Baýramow Ýaponiýanyň paýtagtynda geçirilen “Tokio Marafon – 2025” çäresine gatnaşdy.
Bu çäre dünýäniň dürli künjeklerinden 38 000-den gowrak gatnaşyjylary bir ýere jemledi. Tokio marafony her ýyl geçirilýär we 42 km 195 metr aralygyny geçmekde bäsleşmäge mümkinçilik berýär. Bu dünýä derejesindäki bir waka bolup, “World Marathon Majors” toplumyna degişli alty sany marafonlaryň biridir we “World Athletics” tarapyndan berlen platina derejesine eýedir. Çäräniň hemaýatkäri Tokio şäher häkimligi bolup durýar.
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bolan gürrüňdeşlikde ilçi A.Baýramow Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmäge, hususan-da ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga gyzyklanma döretmek ugrunda alnyp barylýan işlere uly ähmiýet berýändigini nygtady. Türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan öňe sürlen we Türkmenistanyň Prezidentiniň yzygiderli durmuşa geçirýän toplumlaýyn başlangyçlarynyň netijesinde biziň ýurdumyzda bu maksatlar üçin ähli şertler döredildi.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen sportuň has giňden ösmegine uly goşant goşan möhüm mysallar hökmünde BMG-niň Baş Assambleýasynda kabul edilen kararnamalar, ýagny, “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň, 3-nji iýuny “Bütindünýä welosiped güni” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamanyň we “Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek” atly Kararnamanyň kabul edilmegi dünýä jemgyýetçiliginiň biziň ýurdumyzyň öňe sürýän syýasatyna ýokary baha berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Mundan başga-da, Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky sport hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär, şol sanda türkmen dzýudoçylarynyň iri sport ýaryşlaryna gatnaşmagyna taýýarlyk görmek üçin hyzmatdaşlyk has hem ösdürilýär.