ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Gurbannazar Ezizow: şahyrdan dörän, şahsyýet

“Bu gara topraga ganym siňen soň

Men hasam mynasyp ýaşamaklyga”

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi, durmuş ýoly barada köp ýatlamalar, oýlanmalar häzirki günlere çenli, yzygider ýazyldy we geljekde-de ýazylar. Sebäbi, şahyryň türkmen edebiýatyna goşan goşandy, ylmy taýdan aýdanymyzda ägirtdir, umman kibi ýalydyr.

Her bir, ýazarman bolsun, alym, ýa žurnalist, şahyr Gurbannazar Ezizow barada, onuň doglan senesine, ýa-da dünýeden gaýdan gününe bagyşlap, okaýjylara öň aýdylmadyk, ýazylmadyk wakalary, beýan edesleri gelýär. Bu belkem dogrudyram, ýöne menä, bu barada başgaça pikir edýärin. Alyp göreliň, rus şahyry A.S. Puşkini. Onuň, döredijilik ummany barada gör, näçe tom-tom kitaplar ýazylanam bolsa, Puşkiniň eserleri, üns merkezinden asla, düşmeýär. Bu hem, onuň beýik şahsyýete öwrülenligi bilen düşündirip bolar. Şu ýerde, “şahsyýet” sözi diýenimizde, Gurbannazar Ezizowyň şahsy gündeliginde, aýdan pikiri ýadyma gelýär: “Galyberse-de şahsyýetden şahyr döremeýär, tersine, şahyrdan şahsyýet döreýär”. Dogrudan-da, Gurbannazar Ezizow-şahsyýetdir. Ony şahyryň eserleri, subut etdi we edýär.

Käbir adamlar, köpçülikde, ýada, kä ýerlerde,“näme üçin, şahyr Gurbannazar Ezizowyň ady beýleki türkmen ýazyjy-şahyrlardan kän tutulýär?”, diýip soraýarlar, ýada, şol sowaly orta atýarlar. Elbetde, muny daşary ýurt we rus edebiýaty, onuň ylmy teoriýasy bilen nätanyş adamlara, düşündirmek kyn bolýar. Şo ýagdaýlarda, men, köplenç,“siz bu sowaly, aýdymçylardan soraň” diýýän. Gurbannazar Ezizowyň eserleri, owazly äheňden dörän, poeziýadyr.

Dogrusyny aýtsam, Gurbannazar Ezizowyň ömiri we döredijiligi baradaky pikirlermi, okyýjylar bilen paýlaşmak islegi, mende köp ýyllardan bäri döräpdi. Ýazyjy Berdi Kerbabaýew aýtmyşlaýyn,“başlarym Köpetdagyň gerşindäki, ak garlar kibi, saçlarym agaran soň”, ol pikirleri, paýlaşyp goýmak, dogrumyka diýýärin. Onsoňam, käbir tanyşlarym, “Sen Gurbannazar Ezizowyň körekeni ahyry, öz pikirleriňi aýtsaň, ýerine düşerdi” diýip maslahat berýärdiler. Men-ä özimi, türkmençilige uýup, oňyberdim. Ýogsa, 1993-njy ýylda, şol wagtky Alty Garlyýew adyndaky “Türkmenfilm” kinostudiýasynda, Gurbannazar Ezizowa bagyşlap, “Şahyryň ömür tanapy”, wagtlaýyn ady bilen, edebi dokumental ssenariya taýýarlap, önümçilik meýilnamasyna hem goşuldy. Onda, şahyryň edebi keşbiniň üsti bilen, onuň tragiki ýagdaýa gelişini suratlandyrmagy maksat edinýärdim. Soňra, bu çeper dokumental filmiň ssenariýasy, bellibir sebäplere görä, taslama bolup galdy. Ýöne, şol işe, maňa esasy itergi beren, Gurbannazar Ezizowyň bajasy, hem dosty, hudožnik Tokar Tugurowyň oňa bagyşlap, uly ölçegde doreden,“Şahyryň ölümi” atly uly palatno işidi. Bu iş, çeperçilik taýdan ussatlarça ýerine yetirilen işdi. Onda, merhum şahyryň, tabydyň üstünde ýatan rahat keşbi, ýokarsynda bolsa, garamtyl reňke  bürenen, asman tolkunlary suratlandyrlypdy. Ussahanada, Tokar agaň, bu işine seredeniňde, Gurbannazar Ezizowyň :

 Ýöne bir gün meňem ahyrym ýeter,

  Bir gün ajal gurar ömrüme duzak.

diýen setirleri gulagyňa ýaňlanyp gidýär. Şonda, Tokar aga gözüni, işe dikdi-de, şeý diýdi-“Biz dört bolup otyrdyk. Men, Gurbannazar, Nury Halmämmet, Ahmet Gurbannepes. Birden, Gurbannazar goşgy okap durka,  sägindi-de, dostlar! Eger-de men, hakyky şahyr bolsam, onda men, 40 ýaşa ýetmerin, Puşkin, Lermontow, Maýakowskiý, Ýesenin 40-a ýetmän gitdiler. Şonuň üçin, meniň  şahyrlygym çyn bolýan bolsa,” diýenden, birden, gije turan şemal, penjiräni batly ýapdy welin, jaýa dymyşlyk aralaşdy. Biz hemmämiz, bir-birimize seredip galdyk. Meniň pikirimçe, Gurbannazar,“Gijeki myhman” goşgusyny, şo wakadan soň, ýazdymyka diýýärin”. Tokar aganyň bu pikirini, men şol goşguny, täzeden okanymdan soň, onuň bilen ylalaşdym.

“Gijeki myhman” goşgusy, Ezizowyň döredijiliginde, ideýa we çözgüt taýdan döredilen, iň beýik eser, diýip, hasap edýarin.

 Tümüň ýary penjirämiz kakyldy.

  • Salam!
  • Salam, Kim borsuňyz eý daýy?

Myhman jogap berdi örän akylly

  • Menmi? Ajal.

Has dogrusy – Ezraýyl.

Goşgunyň mowzugy, ölüm we ýaşaýyş. Ezraýyl, ölüm perişdesi hökmünde, ýaşaýşyň soňunyň geljeginiň, simwoly bolup suratlandyrylýar. Haçan-da, awtor ömrüniň gutarmagy  bilen çaknyşanda,

    “Bu iş meniň bir kitaba jemlenen

    Ölüm hakyndaky goşgularymdy “

 Onuň, (Ezraýylyň) gelmegi, hakykat pursady bolup durýar. Ölüm, bärde, durmuş sikliniň adaty bölegi hökmünde, beýan edilýär. Ezraýyl bilen awtoryň gepleşigi, bu onuň, içki monology – sesidir, ýagny, durmuş we ölüm hakyndaky oýlanmalarydyr. Ezraýyl bärde, diňe ölüm perişdesi hökmünde çykyş etman, eýsem, ol awtora, bakyýet bilen baglanyşygynyň, hakykat düşündirijisi tarap bolup, suratlandyrylýar. Yslamyň kadasynda, Ezraýyl gorkunç, ýaman sypatda görkezilmän, ol Allanyň ugradyjysy, ýagny özüne buýrulan sapary, ýerine ýetiriji hökmünde, hereket ediji perişdesidir. Bu bolsa, dialoga ruhy manynyň çuňňur berilmegini görkezýär. Ölümiň tebigat bilen baglanşyk ideýasy, dünýä edebiýatynda duş gelýän filosofiki garaýşlary ýada salýar. Mysal üçin romantizmde – arzuwçylykda, ölüm köplenç tebigata dolanmak, gutarnyksyz bakyýete gitmekde düşünilýär.

“Giçki myhman” goşgusynda, beýik nemes şahyry, Iogann Wolfgang Gýotanyň dünýä belli “Faust” eseri bilen hem, ruhy kybapdaşlygynam, görmek bolýar. Bu iki eserem, ömrüň, ölümiň, bakyýetiň manysy näme? diýen soraglary galdyrýar. Eger Gýotanyň gahrymany, eserde göreşe we herekete gönükýän bolsa, onda, Ezizowda, asudalyga we sazlaşyga ymtylýar. Bu eserleriň ikisiniňem ýakynlygy, gahrymanlarynyň ýokary güýçler bilen gepleşigi, ýaşaýyş we ölüm hakyndaky filosofiki oýlanmalar bilen düşündirip bolar. Awtorlaryň ikisem, bu eserlerini, juwan wagtlary döredýär. Eger Gýota “Fausty” 24 ýaşynda ýazyp başlan bolsa, onda Ezizow “Giçki myhman” esreni, hudožnik Tugurowyň aýtmagyna görä, 30 ýaşynda döredipdir.

Indi, hälki dokumental filmiň ssenariýasyna dolansam, köneleň “ her şer işde, haýyr bar” diýişleri ýaly, bu taslama, (proýekte) men boldugyça maglumat ýygnap başladym. Ynsan, garradygyça ejiz bolýar, ol ömrüniň sanalagy wagty golaýlanda, ýüreginde saklap gelen, käbir maglumaty, ýada, bir syry aýan edesi gelýär, çünki, ony ýany bilen, bakyýete alyp gidesi gelmeýär. Bilmedimdä, belkem, döwüriň üýtgemegem, oňa şol syry açmaga, itergi berýändirdä. Men muny, Türkmenistanyň tanymal halk ýazyjysy Rahym Esenow barada aýdýaryn. Onuň bilen men, ömrüniň soňky bäş ýylyny, duz-emek bolup gatnaşdyk. Bu ýaşuly, türkmeniň taryhy, medenýeti, sungaty bilen gaty tanyş, has dogrusy, onuň, bilermeni (endiklopediýasydy), ol tanymal mukamçy bagşylar, Mylly Täçmyradow, Sahy Jepbarow, ýazyjy Berdi Kerbabaýew, artist Alty Garlyýew, Jüneýt hanyň ogly Eşşi baý, Gaýgysyz Atabaýewiň ogly Kemine, Nedirbaý Aýtakowyň ogullary Zelili we Eduard, sowet partiýa ýolbaşçysy Nikita Hruşýow, Türkmenistanyň ýolbaşçylary Şaja Batyrow, Suhan Babaýew, Balyş Öwezow, Muhammetnazar Gapurow we başgada birnäçe Türkmenistanyň taryhynda yz goýup giden, adamlary diňe görmek däl, eýsem, olar bilen ýakyndan gatnaşykda bolup, pikir alşan adamdy. Rahym aga, 1956-njy ýyldan tä, 1970-nji ýyllara çenli, SSSR-iň baş “Prawda” gazetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy, soňra Türkmenistanyň medenýet ministri, 1975-nji ýylda-da şahyrlar Gurbannazar Ezizow, Ýuriý Rýabinin, Wasiliý Şabanow, 29-njy sentýabrda, Gazanjygyň eteginde heläk bolan wagtlary, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy bolup, işleýän eken. Rahym aga bilen, bu bolan waka barada, biz köp, pikir alyşdyk. Onuň, maňa aýdan gürrüňleriniň käbirini, ýatlap geçsem, ýerlikli bolarmyka diýýärin.

(Türkmenistanyň ýazyjylar birleşigi, ortada Rahym Esenow, dik duran gara köýnekde Gurbannazar Ezizow.)

(Suratda, kompozitor Aman Agajykow, hudožnik Durdy Baýramow, kinooperator Gurban Ýazhanow, şahyr Gurbannazar Ezizow.)

(Suratda Aşgabatdan, Türkmenbaşy şäherine barýan ulag ýolunyň 304-nji kilometrinde, şahyrlaryň şehit bolan ýerinde dikeldilen ýadygärlik daşy.)

Rahym Esenowyň ýatlamasy: “1975-nji ýylyň güýzünde, Türkmenistanda, Bütinsoýuz ýaş şahyrlaryň festiwalyny geçirilmäge, girişilipdi. Festiwala, Moskwadan ýolbaşçy hökmünde, Bütinsoýuz ýaşlar guramasynyň, Merkezi komitetiniň propaganda we agitasiýa bölüminiň başlygy, Wasiliý Şabanow bellenipdi. Dabaranyň soňky hepdesi, şol wagtky Krasnawodsk oblastynda, zähmetkeş nebitçiler we balyk kombinatynyň işgärleri bilen ýazyjy-şahyrlaryň arasynda  duşuşyk geçirilmelidi. Biz, tassyklanan sanaw boýunça, oňa gitmeli şahyrlaryň adyny elimize alypdyk. Şol sanawda, Gurbannazar Ezizowyň ady ýokdy. Şonda, ol meniň ýanyma gelip, özüni şol, sanawa goşmaklygy haýyş etdi. Emma, men, Gurbannazara, ony goşup bilmeýänligimi, sanawyň ýokardan tassyklanandygyny aýtdym. Soňra meniň ýanyma, Wasiliý Şabanow bilen Ýuriý Rýabinin gelip, Gurbannazar Ezizowy sanawa goşmaklygy we ony öz jogapkärçiligine alýandygyny aýdan soň, biz, sanawa Gurbannazar Ezizowy goşmaly bolduk. Moskwadan gelen  görkezmä görä, bize, şol ýolda bolup geçen wakanam, doly aýtman, ony gizlediler. Dogrusyny aýtsam, Merkezi komitetem, şony, anyk bilýändir öýdemok. “Ony, akyl huşundan aýrylan esger edipdir” diýip  ynandyrdylar. Şol iş boýunça, ýörite düzülen komissiýanyň çözgüdi bilen hem tanyşdyrmadylar. Belkem, arhiwlerden, oň hakyky sebäblerem tapylar”.

 

(Gurbannazar Ezizow, Rahym Esenow, Annaberdi Agabaýew.)

 Men Rahym aga – näme üçin Gurbannazar Ezizowy, gitmeli şahyrlaryň sanawyna goşmadylarka – diýenimde. Ol, oýlandyda, şeýle diýdi – “Bilýäňmi, Gurbannazar, erkin pikirli şahyr hasap edilýärdi, has takygy, Ezizow sosialistik realizim ideýasyndan daşlaşyp, eserlerinde, hudaý, ölüm, terkidünýä ýaly, erkin pikirleri ýöredýänligi üçin, partiýa ideologiýasy, ony sosialistik jemgyýete, keseki hasap edýärdi. Menden, kätä, ony sorabam durýardylar. Şol sebäplem, onuň uly göwrümli kitaplary, Gurbannazar, aýatda dirikä, çap edilmeýärdi. Ony metbugatda yzygider, tankyt edýärdiler. Ýogsa, çeperçilik taýdan, gaty pes ýazylan şahyrlaryň kitaplary, yzygider çap edilýärdi, olary hat-da, tankydam etdirmeýärdiler. Şeýle görkezmeler, bize ýokardan gelýärdi. Olaryň kitaplary, dükanlarda tozana gömlüp ýatardy. Emma, ýazyjylar birleşigi muňa päsgel berip bilmeýärdi. Munuň üstesine, ýazyjy-şahyrlar topar-topar bolup, taraplara bölünerdiler. Ine, şeýle toparlaryň biri, Moskwa ýazan, töhmet arzalary bilen, ýaşuly ýazyjymyz, Berdi Kerbabaýewi wezipesinden syndyrdylar. Şonuň üçin, bizde, Çingiz Aýtmatowlar döremedi. Gurbannazaram, şol akymyň içinde urunýardy. Oňa “dost” syraýan ýoldaşlary, onuň goşgularyny, öýünde diňläp, ertesi, kethudalaryna satyp,  öz  kitaplaryny çap etdirýärdiler. Gurbannazaryň özüne hem-de, frontçy kakasyna bolan hormatym, bizi has hem  ýakynlaşdyrypdy. Ol, käte meniň ýanyma gelip, içini dökerdi, eserleriniň çap edilmeýänligine zeýrenerdi. Şonda, men oňa,“inim, seniň goşgularyň, türkmen edebiýatynyň täze sahypasy, sen ynan şoňa, goşgularyňda erkin pikirler kän, her ýetene, içiňi açma, kim bilen tirkeşýäniňem, gowja bilgin” diýerdim.

 

       Men asyl ýok diýmedim,

       Meýlise gitdim.

       Soňra eşidip gybatym,

       Ýakamy tutdum.

 

      Ikiýana çarp urdum,

      Aýlandy başym,

     Jorap kimin çalşyrdym

     Dostdur ýoldaşym.

 

     Bir seretsem, dost nire –

     Boşapdyr daşym.

     Eý, çekgäňden ak giren,

    Garagol başym!

Rahym aganyň ýatlamasyny, men şu ýerde goýup, Gurbannazar Ezizowyň döredijiligi hem-de, onuň mende goýan, täsirleri barada durup geçmegi, makul bildim.

Ilkinji gezek, men, Gurbannazar Ezizowyň adyny, kakamdan eşidipdim. Kakam Öwlüýäguly Kulyýew 1974-nji ýylda, Türkmenistan respulikasynyň döredilmeginiň 40-ýyl mynasybetli, yazyjy Berdi Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaý”ady bir romany esasynda, çeper filmini döredipdi. Maňa, şonda Berdi aganam ýakyndan görmek, miýesser edipdi. Bir sapar, kakam meni, Berdi aganyň öýne alyp barypdy. Gaýtjak bolanymyzda, Berdi aga öz bagyndan, maňa bişen sary armydy ýolup beripdi. Soň görüp otursam,  kakam Berdi aga  bilen  şol wagt,  filmiň senariýasyny maslahatlaşýan ekenler. Şol filmiň kompozitoram, Nury Halmämmedowdy. Kakam, “Keçpelek” filminden soň, diňe Nury Halmmämedow bilen bile işlärdi. Men oňa, Nyry daýy diýerdim. Öýmize köp gelerdi. Şol günleriň birinde, tomus aýlarydy, kakam Nury Halmämmedow bilen bile öýe gelipdiler. Olar, öýde duran, lentaly “Brýansk” magnitafonyny açyp, oňa häzirem ýadymda, ýaşyl reňkli kassetany dakyp, ony aýtdyranlarynda, men ilkinji sapar, Gurbannazar Ezizowyň “Türkmen sährasy” goşgusynyň täze aýdym bolup, ýaňlananyny eşitdim. Ony ýalňyşmasam, şol wagt üçünji ýyl talyby, Atageldi Garýagdyýew ýerine ýetiripdi. Bu aýdym, maşgalamyzyň hemmesine, gaty gowy ýarapdy, soň biz ony, yzygider aýlap diňlärdik. “Türkmen sährasy” aýdymy, filmde ilkinji gezek ýaňlanan soň, ony radioda, köp goýberip başladylar.

Ikinji sapar bolsa,  1975-nji ýylyň güýz aýyndady. Kakam, işden ir gelip, şahyr Gurbannazar Ezizowyň, tragiki ýagdaýda, dünýeden gaýdanyny habar edipdi.”Ýadyňa düşýärmi, geçen ýyl, hol Nury bilen gelen, mawy gözli ýigit. Ine, şol Gurbannazardy. Biz gijä çenli oturupdyk, şonda ol, goşgularynyam okap beripdi. Neressäň yzynda, ownuk çagalaram galdy”- diýip  kakamyň ejeme gürrüň bereni henizem ýadymda.

Wagt diýeniň, suw kimin, basym akýar. 1985-nji ýylda, men harby gullukdan gelip, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, türkmen filologiýasy fakultetinde, okuwymyň yzyny başlapdym. Kursumyza men, täze goşulamsoň, talyplaryň köpüsi bilen tanşyp başladym. Bile okaýan ýoldaşym, Baýramgeldi Ataýew, daşarda ýanymyza tarap, ýöräp gelýän gyzy görkezip, – “tanyş bol, Ýazgül Ezizowa, özem, şahyr Gurbannazar Ezizowyň uly gyzy we fakultetimiziň aktiw talyby. Ýazgül meniň bilen “b” toparynda okaýar”-diýdi. Şondan soň, biz Ýazgül bilen dostlyk gatnaşyklaryny sakladyk. Haçan-da, Ýazgül durmuşa çykanda, men ilkinji gezek, şahyr Gurbannazar Ezizowyň öýüne gelipdim. Şahyryň kitap tekçelerini görenim-de, haýran galdym. Ol ýerde, Şekspiriň, Gýotanyň, Baýronyň, Ýeseniniň, Maýakowskiniň, Mihail Swetlowyň tomlary bardy.Tekçede  duran kitaplaryň arasynda, meni dünýä belli, şwesar hukukçysy, Emer De Watteliiň “Milletler hukygy” diýen kitaby haýran galdyrdy. Gurbannazar Ezizowy, adamzat jemgyýetini, asyrlar boýy gyzyklandyryp gelen, milletler hukugy, olaryň özygtyýarlylyk ideýalary bilen onuň öte gyzyklanandygyny bilip galdym. Soňra, okuwymyzy tamamladyk. 1989-njy ýylda, türkmen telewideniýesinde žurnalist bolup, işe başlapdym. Ine, bir gün, Moskwadan, kakamyň çagyrmagy bilen, arap-owgan ýazyjysy Sahyp Jemal myhmançylyga gelipdi. Kakam bir ýyl öň, ýazyjy Sahyp Jemalyň “Kör gyzyň täleýy” romany esasynda, “Gara bägüller” film spektaklyny surata düşüripdi. Onuň baş gahrymany, Nediriň keşbini, men ýerine ýetiripdim. Sahyp Jemal, Aşgabada öňem gelip giden soň, ilki bilen ýazyjy Berdi Kerbabaýewiň edebi-öý muzeýni görmek isledi. Men Sahyp Jemala ýoldaş bolup, ony edebi-öý muzeýe getirdim. Ol, Berdi Kerbabaýew bilen köne dost bolandyklaryny aýdyp, eksponatlara ýeke özi aýlandy. Men bolsa, oňa garaşmak üçin ekskursowod gyzyň, ýanyna geldim. Görüp otursam, bu gyz, kursdaşym, Ýazgül Ezizowanyň jigisi, şahyr Gurbannazar Ezizowyň, üçinji gyzy, Sähragül Ezizowady. Biz ikimiz gürrüňe gyzyp, myhmany gözden salypdyryn. Sahyp Jemal aga 83 ýaşyndady, ol meni ýanyna çagryp,“bu gepleşen gyzyň kim” diýip, sorady. Men oňa,“ol, şahyr Gurbannazar Ezizowyň gyzy” diýip tanatdym. Sahyp aga başyny ýaýkap,“bilýän, o şahyr ýygidi, eşidipdim, onuň ykbalyny – diýdi. Soňra maňa garap,“men saňa maslahat bereýin, sen, diňle gojany, meniň başymdan köp zatlar geçdi. Sen, şu gyzy sypdyrma, öýlen şoňa, bagtly bolarsyň, seredä, onuň gözlerinden, nur ýagýar” – diýip başymy sypady.

( Arap-Owgan ýazyjysy Sahyp Jemal, onuň maňa gol ýazgysy bilen beren, sowgat  kitaby)

Bilmedim, belki ýazyjy Sahyp Jemalyň maslahatymy, ýa özümiziň gelen kararymyzmy, 1990-njy ýylyň güýzünde, şahyr Gurbannazar Ezizow aýtmyşlaýyn:

     Indem sary ýapraklaryn manat deý

     Otyr toýuň hasabyndan geçirip.

  Biz Sährägül bilen durmuş gurduk. Şol ýyl,  toýmuzyň öň ýany, režisser, Aşyr Rahmanow, Gurbannazar Ezizowyň “Nesiller poemasy” drama eserini, telewideniýede sahnalaşdyrdy. Bir ýylyň içinde, maňa, Gurbannazar Ezizowyň baş gahrymany Wepaň keşbini ýerine ýetirmek, hem-de, onuň körekeni bolmak, nesibi miýesser etdi. Hat-da, şol ýyl Gurbannazar Ezizowyň, elli ýaş toýy-da bellendi. Bu dabara, şol wagtky Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynda geçirlipdi. Özem, bu şahyryň ilkinji gezek, geçirilen resmi dabarasydy.

Başda aýdyp geçişim ýaly “näme üçin şahyr Gurbannazar Ezizowyň ady metbugatda, radio-telewidiniýede, toýlarda, oturlyşykda beýleki türkmen ýazyjy-şahyrlardan kän tutulýar?” ine, şu sowalyň jogabyny makalamyň dowamynda, men jikme-jik, düşündirmäge girişeýin.

      Kim men? Näme

      Gadym dünýäň ýüzünde?

      Men bulary ölenimden soň bilerin.

Gurbannazar Ezizow, özüniň beýik şahsyýetdigini, subut edip giden şahyrdyr. Ýöne, onuň döwürdeşleri, ony, öleninden soň, göz ýetirdiler. Türkmenistan döwleti garaşsyzlyk alandan soň, Gurbannazar Ezizow barada ýazylan makalalar, ýatlamalar sanardan juda kän. Men arada, dünýäde ýaňy ýörjen-ýörjen bolup başlan, “Emeli intelekte” ChatGPT-ýe sowallar berdim, şonda ol maňa, şeýle jogap berdi, “türkmen edebiýatynda, medenýetinde iň kän ady tutulýan iki sany şahsyýet bar, olaryň birinjisi, Magtymguly, ikinjisi bolsa, Gurbannazar Ezizowdyr”. “Emeli intelekt” olaryň döredijiligine, içkin syn hem berdi. “Eger, Magtymguly döredijilik ummanyny Kurany-Kerimiň täsiri astynda döreden bolsa, onda, şahyr Gurbannazar Ezizzow, adamzady, asyrlar boýy gyzyklandyryp gelen barlyk, ölüm, ýaşaýyş we ynsan gatnaşyklary, adamyň tebigat bilen uýgynlygy ýaly, çagyryşlardan ugur alypdyr”. Ine şunuň özi, aýdyň subutnamadyr.

     “Nury Halmämmedow professional kompozitor

      hökmünde “Dutaryň owazyndan” başlanýar”-

                                                                                 Gurbannazar Ezizow.

(kompozitor Nury Halmämmedow bilen şahyr Gurbannazar Ezizow.)

Jübütlik, Alla tarapyn ýaradylan barlykdyr. Bu, diňe erkek bilen aýal gatnaşyklaryndan başga, döredijilik gatnaşyklaram, şondan gaýdýandyr. Şu pelsepä, men, öz gahrymanymyzyň mysalynda, görkezesim gelýär. Adamda döredijilik hyjuwy möwç uranda, ol özüne direg, ýada, ugurdaş gözleýär. Ine, şeýle diregem, durmuş ugurdaşlygyny, Gurbannazar Ezizow, kompozitor Nury Halmämmedowda tapýar.

 

    Ikisi-de deň öser,

    Başyn sypap ýel öser.

    Daş-töwerek guwanar:

   “Ösüşleri ne ýeser!”

    Örüsi ýaýrap gepiň,

    Wagtyny alar köpüň,

    Çep kenar saga zardyr,

    Sagam zaryydyr çepiň.

 

Bu gatnaşyklar, biziň sungatymyzda, öňdenem bardy. Bagşy, Sahy Jepbarow bilen, sazanda, gyjakçy, milli kompozitor, Ata Ablyýewiň döredijilik gatnaşyklary, muňa mysal bolup biler. Şahyr, Gurbannazar Ezizow we kompozitor Nury Halmämmedow, bularyň ikisem, 60-njy ýyllaryň miwesidi. Staliniň totalitar sistemasynyň synmagy, ýurtda, esasanam döredijilik ýolunyň doňaklygynyň eräp başlamagy, hem-de, onuň ýumşamagyndan dörän, hasylydyr.Muňa ruslar (ottepel) diýip at berdiler.“60-njy ýyllylar” diýip, at alan, döredijilik we sungat işgärleriniň umumy sypaty, hem-de häsiýetleri, şeýle suratlandyrylýar.

 

  1. Açyk göwünlilikerkinligiň gözleginde: olaryň poeziýasy ykrar edilen

                                   sowet ideologiýasyndan daşlaşmak, hem-de içki

                                   dogruçyllyga ymtylyp, real-adaty durmuşy görkezýän

                                   sungat eserlerini, döretmekde durýar.

 

  1. Sosial we pelsepe meseleleri–olaryň köpüsi, durmuş manysyny, adamyň

                                                       döwlet bilen gatnaşygyny we müdimi bolan,

                                                       ahlak meselelerini, mowzuklarynda   

                                                       gozgamaga çalyşýär.

 

  1. Duýgy açyklygy – olar, goşgularynda, okaýjylary, janly äheňi bilen, özüne

                                   çekmeklige ymtylýar.

 

Bu döredijilik tandemi, ýa-da, döredijilik jübütligi hakynda aýdamyzda, onda, hökman, kompozitor Nury Halmämmedowyň üstünde durup geçmeli bolýarys. Bularyň ikisiniňem durmuşy, ruhy dünýägaraýşlary, hat-da, dem alyşlaram, deň bolan soň, olary bir-birinden aýry göz öňüne getirmek, asla, mümkin däl.

Nury Halmämmedow, döredijilik düzünde, ýaňy ganatyny gerip başlan döwürleridi. 60-njy ýyllylara girýän dosty, Moskwada bir wagtda, bile okan syrdaşy, türkmenistanly, tatar ýigidi, Polat Mansurow, kinematografiýaçylar institutynyň soňky ýyl talybydy. Polat, ýaňy okuwy gutaryş diplom işene başlapdy. Ol, Nurymyrat Saryhanowyň “Şükür bagşy” powesti äheňinde, gysga, bölümli filme girişipdi. Poladyň özem, ýaşlykda sazçylyk mekdebinde okan soň, filmiň sazyny ýaňy, Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýany tamamlan, Nury Halmämmedowa ynanypdy. Nuryň fortopiýana üçin döreden “Dutaryň owazy” sazy, Polady beýhuş edipdi. Poladyň, filmiň sazyna, tazeçe çemeleşip biljek kompozitora ynamy bardy. Egerde, şol wagt, Polat Mansurow, şol filmini,“Türkmenfilm” kinostidiýasynda önümçilige goýberen bolsa-dy, onda, elbetde, ýaňy instituty gutaran, uçrum kompozitora, filimiň sazyny ýazmaklygy, kinostudiýanyň ýörite döredijilik topary, asla, muňa rugsat bermezdi. Olar  synagdan geçen, döwlet baýraklaryna mynasyp bolan, kommunistik partiýanyň agzalary, ýaşuly kompozitorlara ynanardylar. Beýle bolan bolsa, biz häzirki, “Şükür bagşy” kinomyzy görmezdik. Muny, dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatow, şol wagtky merkezdäki “Sowetskýa kultura” gazetinde çap bolan makalasynda, “Şükür bagşy” filmi barada aýdan sözleri, şaýatlyk edýär: “Eger kompozitor Nury Halmämmedowyň sazy bolmadyk bolsa, film beýle güýçli çykmazdy”.

Şol filmiň sazyny, Nury Halmämmedow 24 ýaşynda döredýär. Şu ýerde, şol film barada ýene, käbir maglumaty getirmegi  dogry gördüm. Režissýorlyk gutaryş diplom işleri, aslynda, dowamy 20-30 minutlyk bolardy. Emma, filmiň çeper ýolbaşçysy, ýaşuly halypa režissýor, Sergeý Gerasimow, Poladyň surata alan iş kinolentalaryny gören soň, filme ýazylan sazy diňlän soň, ony, doly metražly, ýagny iri göwrümli film etmegi, maslahat berýär, hem-de onuň edilmegini goldaýar. Şeýdip, doly görnüşli “Şükür bagşy” filmi döreýär.

                (Iki dost)

Biziň gahrymanymyz, Gurbannazar Ezizow, şol filmiň yz ýany kompozitor Nury Halmämmedow bilen ýakyn, dostluk gatnaşyklaryna başlaýar. Bular, döredijilik taýdan özlerini, bir-birine ýakyn görýärler. Şeýdip, bularyň jübit döredijilik tandemi, pajarlap gidýär. Gurbannazar iIlki, Polat Mansurowyň “Gyrnak” atly, çeper filmine, iki sany aýdym döredýär. Olaryň birini, “Daglar” diýen aydymy, filmiň baş gahrymany Atah baba, at çapyp barýarka, atyň üstünde aýtmalydy. Emma, kinostudiýanyň döredijilik soweti, muny görenlerinde, oňa bellik edýärler: –“çapawulçy galtaman, bular ýaly owadan aýdym aýtmasyn, ýogsa, ol tomaşaçyny özüne çeker”, diýip bu aýdymy, filmden aýyrdýarlar. Ýöne, bu aýdyma täzeden jan girip, häzirki günlerem, ol ýerine ýetirilýär. Ol aýdym, Atageldi Garýadyýewiň esasy repertuaryna girýär:

 

      Boýumy boýuňa deňän halatym,

     Toba edip öňüňde çökerin, daglar?

 

Soňra, Gurbannazar Ezizow, kompozitor Rejep Rejepow bilen Hojaguly Narlyýewiň, “Gämiçiniň jany bir” diýen filminde şowly çykan, “Geolokçylaryň aýdymy” diýen, eserini döredýär. Gurbannazar Ezizowyň halk döredijiligi äheňinde  ýazan, “Uzak ýaýlada enäň hüwdüsi” aýdymyny, köpler bilýän hem bolsa,  onyň režissýor, Hojaguly Narlyýewiň “Gelin” filmine ýazan “Hüwdüsini” diňleýjileriň birnäçesine nätanyşdyr. Bu hüwdi, filmiň gutaryş epizodynda, baş gahryman tarapyndan, aýdymçy Güljan Hümmedowa ýerine ýetirýär. Ony diňläniňde, bokurdagyň dolanyny, duýman galýarsyň.

 

           Äkit ahymy, şemal.

           Getir ahyny, şemal,

           Bizi birek-birekden

           Daş etdi niçik ykbal?

 

Gurbannazar Ezizzow bilen Nury Halmämmedowyň, döredijilik gatnaşyklary, günsaýyn ýygjamlaşýar. Muny, şahyr Ezizowyň şahsy gündeligini okanyňda, göz ýetirýärsiň. Şeýle ýazgylaryň biri, 1969-njy ýylda edilipdir. Türkmenistanyň Özbegistanda geçen, edebiýat we sungat wekilleriniň ongünlügine gatnaşyjylar Ezizow, Halmämmedow bilen bir kupede barýarkalar, özara  pikir alyşmalaryna syn edeliň: Ezizow Halmämmedowdan döredijilik gözlegleri, onuň özüne çekýän hadysalary barada soraýar: – Saz ilki bilen filisofiýadyr. Ähli beýik kompozitorlar hut özlerniiň akyldarlygy bilen meni bendi etdýär. Bethoweniň “Ykbal gapyny kakaýar” atly simfoniýasy näme üçin şu wagtam täzeçe ýaňlanýar? Elbetde özüniň rewolýusionlygy bilen. Haýran galaýmaly zat: Germaniýada ölmez-ýitmez eserlerini döredip ýören Bethowen ýaňky simfoniýasynda fransuz rewolýusiýasynyň boljagyny geniallyk bilen öňden görüpdir. Diýmek, her bir özüni sylaýan kompozitor, edil ýazyjy ýaly syýasatçydyr. Meniň söýgüli kompozitorym Skrýabiniň öňe sürýän filosofiýasy: Men ähli zat, ähli zat men” diýýär. Tebigatyň iň kämil bölegi – Adam, göreşiji, ýeňiji –Adam, ine, Skrýäbiniň temasy! Meniň birinji muggalymym türkmen halk sazy bolsa, ikinjisi, gürrüňsiz, Skrýabin. Türkmen sazy özüniň agraslygy, çuňlugy, ýakymlygy bilen iň beýik kompozitorlaryň eserlerinden pes oturanok. “Dutaryň owazy” türkmen sazyna söýgimiň, sylagymyň netijesimikä öýdýän”.

(Nury Halmämmedow)

Bularyň dostlugy, bara-bara dogandanam, ýakyn gatnaşyklara geçýär. Dostlar, öňde goýän meýilnamalary boýunça, romanslar döretmek, galybersede, “Görogly” operasyny sahnalaşdyrmak işine girişýärler. Gurbannazar Ezizzow, “Görogly” libirettosyny ýazmagada başlaýär. Käbir bölümlerini taýýar hem edýär. Kompozitor hem şahyr, bir-birlerine döredijilik taýdan mäkäm baglanýar. Muny olaryň bir-birine ýazan hatlarynda görseň bolýär. Şahyryň ejesi Gülnabat daýza, bu barada şeýle gürrüň beripdi: Nury günde diýen ýaly biziň öýmüzdedi. Gurbannazarjan iş sapary diýip gidende gelmezdi, niçikmi oglum geldigi, gije bolsada gelerdi, käte ýatyp hem giderdi. Şol pajygaly günden soň, Nury ýanyma gelip, aglap-aglap giderdi. Gapydan girenini görsem, ikimizem bile aglaşardyk. Gurbannazyrjanyň aýralyk oduny kakasy, Azyz aga bilen Nury deň paýlaşardy. Oglumyň çagalaram, oňa öwrenşipdiler. Nury, tä dünýeden gaýdynça, bizi unutmady. Käte öýe gelip: men Gurbanazaryň sözlerine, aýdymlar siklini döredýän – diýerdi.

 

(Gurbannazar Ezizowyň maşgalasy, ortada ejesi Gülnabat daýza, onuň sagynda gelinleri Halnabat gelneje çagalary bilen)

 Dogrudan-da, kompozitor Nury Halmämmedow, şahyr Gurbannazar Ezizowyň sözlerine birnäçe romanslar, aýdymlar siklini döretdi. Ýogsa, ol Gurbannazar dünýeden gaýdan soň, bary-ýogy sekiz ýyl ýaşapdy. Şol ýyllaryň içinde, ‘Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, “Durnalar”, “ Dostlarma,” “Şahyr ýüregi”, “Bir gün bag deý ýanyp köýseň” ýaly, birnäçe romanslar diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanypdy.

 

“Tankyt ediljegimi bilsem-de, ýene

 Güýz bilen oturyp gussa çekýärin”.

 

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň, döredijiliginiň edebi-tilsim teoriýasyna geçmezden, edebi tankydyň üstünde, säginip geçeliň. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda, Türkmen sowet poeziýasynda, metbugatda, çeper-döredijilik maslahatlarynda, ýaş-ýazyjy şahyrlaryň seminarlarynda, iň köp tankyt edilýän şahyr, Gurbannazar Ezizowdy. Gaty gyzyklanýan okaýjylara, şol döwrüň metbugatyna seretmegi maslahat berýän.

Näme üçin Gurbannazar Ezizowy beýle ýepbekledilerkä? Dogry, o döwürler edebiýatda we sungatda tankyt, özara pikir alyşmaklyk, has ýörgünlidi. Ýeri gelende aýtsam, sazçylyk sungatynda-da kompozitor, Nury Halmämmedowyň döredijiligi, edil siňek üýşene meňzeýärdi.Bu barada, biraz soňurrak durup geçeris.

   (Gurbannazar Ezizowyň golýazma gündeliginden.)

Tankyt, döredijilik işgärine goldaw, öwüt-nesihat bermek, indiki eserlerinde, edilen belliklerden ugur almak üçin, nazarda tutulan hem bolsa, şahyr Ezizowa gelende, ol başgaça çemeleşilýär. Sebäbi, Ezizowyň eserleri adaty kabul edilen marksistik-leninizm taglamatyndan daşda durýardy, has dogrusy, sosialistik realizmi inkär edilip, erkin oýlanma, barlyk, ynsanyň dünýedäki orny, şahsyýet bolmak, hakykaty gözlemek, ideýalary ündelýärdi. Bu, asla kommunistik ideologiýasyna ters gelýärdi. Onda, edebiýat, partilaýyn bolmalydy. Şol taglymatdan çykmaly däldi. Entek, 1946-njy ýylda, sowet hökümetiniň edebiýatda goýberilen “ýalňyşlyklar”, has takygy, şahyr Anna Ahmatowanyň,“halka ýat, ideýasyz” poeziýasyna garşy, kabul edilen kararynyň heniz, jany bardy.Bolman-da, Gurbannazar Ezizow, 1937-nji ýyllarda ýaşan bolsa, onda,ýazan goşgulary üçin, ol, rus sowet şahyry, Osip Mandelştamyň, ykbalyna duçar bolardy.Şeýle äheňler, käbir tankytçylaryň, şol döwürdäki işlerinde, aýdyň görmek bolýar. Sebäbi, gapyň bosagasyna, “durgunlyk” ýyllary gelipdi. Staliniň zürýatjary, ony höwes bilen garşylapdylar. Şol, tankytçy zürýatlaryň biri, şahyr Ezizowyň “Gaplaň” diýen goşgusyna ýazan synyna seredeliň.

 

      Ol gaplaň ýene-de çümer giderdi

      Adam gözleriniň doňaklygyna.

      Geň galyp, geň galyp bakardy hemme,

      Ýesiriň geými dek zolaklaryna.

 

Goşgy, haýwanat bagynda, gözenegiň aňyrsynda ýatan, gaplaňyň, hal – ýagdaýy hakynda gidýär.  Ýokardaky  setirlere, hormatlanýan alym, edebýatçy, şahyryň mugallymlarynyň biri, “Edebiýat we sungat gazetinde” açyklama berýär. “Ýesiriň geými dek zolaklaryna” diýen jümläni, jemgyýetimize, atylan şek hökmünde, şahyry aýyplaýar. Ýogsa, ol goşgyň çeperçiligine, asla ünsem bermeýär, sebäbi bu goşgy, adaty düzüliş kadasyna, boguny on bir, ikinji setiri bilen dördýnji setiriň, soňki sözleri kapyýalaşyp, klassyky görnüşine doly gabat gelýärdi. Emma, tankytçy alymy, şahyryň içki pikirleri, onuň gaplaňa bolan duýgulary, has gyzyklandyrýardy. Şol sebäpli,  professor, şony makalasynda görkezmäge  çalyşýar.  Bu  elbetde, beýle däldi. Şahyr Ezizowyň döredijiliginde, ýesir, ýesirçilik sözleri, onuň 1941-1945-nji ýyllardaky, urşa gatnaşan kakasy, Azyz aga bagyşlap, Mauthauzen konslageri bilen baglanşykly, ýazan goşgularynda, hem-de,‘Nesiller poýemasynda” köp duş gelýär. Şeýlede, şahyryň kakasy, Azyz aga, uruşda ýesirlikde bolup,ondan dolanyp gelende, köp ýyllar, göz astynda bolupdyr. Hat-da, şol döwürler, stalinizmiň çykaran karary bilen, ýesirlikde bolan esgerlere, uly şäherlerde ýaşamak, işlemek gadagan edilmegi, elbetde, şol hadysalar, ylaýtada Azyz aganyň  gören görgüleri we horluklary, Gurbannazar Ezizowyň ýüreginden çykmaýardy. Şonuň üçin, bu meňzetmäni ulanmak bilen, şahyr, gaplaňa bolan gynanç duýgusyny, ýesiriň düşen haly bilen, deňeşdirip, görkezýär. Netijede, makalada tankytçy, şahyryň gaplaňyň üsti bilen ýesire bolan duýgydaşlygyny, inkär edýär. Sebäbi, ýurtdaky hemme ýesirler, “adalatly” otyrlar. Şonuň üçin, olara durmuşda-da, edebiýatda-da, duýgudaşlyk, asla bolmaly däl.

Tankytçylar, şahyryň pikir ýöretme, ak  goşgy ýolunam, inkär edýärdiler. Şol döwrüň, esasam 50-60-njy ýyllaryň şahyrlary, Ezizowyň türkmen poeziýasynda döredýän şygyrlaryna, gabanjaňlygy, ynamsyzlygy bildirýärdiler. Mysal üçin, Gurbannazar Ezizow, öz belliklerinde, şahyr Gara Seýitliýew bilen bolan ilkinji duşuşygy barada, şeýle ýazýar. “Men goşgularymdan bir-iki sanysyny okap boldum welin, Gara aga maňa- Eziz,(ol meň adymy tutman familýamy at edindi, belki adym ýadynda-da  galandäldir-dä) sen-ä  meniň ýaşlygymy ýatlatdyň oturyberdiň.

Gara Seýitliýew 30-njy ýyllarda, türkmen edebiýatyna goşulan ýaş şahyrdy. Elbet-de, ol döwürler, şahyr Maýakowskiniň futurizm ýolundan döreden goşgulary, ýaş Gara Seýitlä täsir edenem bolsa, soňra sosialistik realizm taglymaty, ony öz penjesine dartyp alypdy. Belkem, Ezizow öz okan goşgulary bilen Gara Seýitlä, az hem bolsa, şol döwrüň erkin şemalyny ýatladandyr.

Şahyr Ezizowyň döwürdeş ýazyjy-şahyrlary, onuň saýlan poeziýa äheňlerini gowy görselerde, ony açyk goldamaýardylar. Olar, Gurbanazara, diňe tomaşa edýärdiler: “uzak ýörärmika, ýa büdürärmika, ýykylarmyka”-diýip garaşýardylar. Hat-da, oňa ýakyn duran “dostlary”, atly-abraýly şahyrlaryňam, agyzlary ýaşmaklydy. Şu ýerde şahyryň şeýle setirleri, ýadyma gelýär.

 

     Aždarhany getiriň,

     Mende şindi gurp kän!

     Gorkýan ýeke bir zatdan:

     Gorkaklardan gorkýan.

 

 

 (Şahyrlar, Kerim Gurbannepesow, Gurbannazar Ezizow, Berdinazar Hudaýnazarow)

Gurbannazar Ezizowy, şol tankytçylardan, onuň käýarym, Moskwada çykýan çelpek ýaly, ýuka kitaplary, ony goraýardy. Şeýle kitaplaryň biri “Dwa derewo” ady bilen “Sowetskiý pisatel” neşirýatynda, 1972-nji ýylda çap edilýär. Moskwada näme-de bolsa, sagadyň dilleri durman işleýärdi. Ýogsa, onuň galyň kitaplara öwrüljek şygyrlaram köpdi.

Tankyt, soňky zarbasyny, şahyr Gurbannazar Ezizow, tragiki ýagdaýda şehit bolandan soň, onuň bakyýet gapysyna, ýene öz awusyny pürkýär. Bu barada, hudožnik Tokar Tugurow ýatlamasynda, şeýle belleýär:“Gurbannazary topraga berip, ýadygärlik daşynyň ýüzünde, onuň “Topragym” diýen goşgusyndan şu setiri goýamyzda:

    “Seniň duzuň iýdim, nanyňy iýdim,

    Galplygam etmedim, hudaýa şükür.

    Käte göge galdym, kä gökden indim,

    Emma hiç ýitmedim, hudaýa şükür”

 

-“Bu setirler bolanok! Onda-da, hudaý sözi. Özüňiz aýyrmasaňyz, onda biz, ony tekizläp aýrarys”- diýip, atylan haýbatdan soň, biz Gurbannazaryň başga bir setirlerini daşa ýazdyryp, ony  öňki ýazylan setirleriň üstünden ýelmedik. Wagtyň geçmegi, watanmyzyň garaşsyzlyk alan uçraklary, o daş, özi gopup, ýere gaçypdyr. Şol daşy, şol günlerden, ýadygär bolsun diýip, mazaryň baş ujunda goýduk. Häzirem barsaň, durandyr diýip”. Tokar aga gürrüňini jemledi.

(şahyr Gurbannazar Ezizowyň, baky aram tapan ýerindäki gonamçylygy)

 

   “Nury Halmämmedow, zorlukly döwrüň talabyna gabat

    gelmedik, aýratyn üýtgeşik döredijilikli, şahsyýetlere

    degişlidir.Ol Wladimir Wysoskiý ýaly, açyk ýürekli, töhmet

    ýarasyna duýgurdy. Nury, şahyr Boris Pasternak, Wladimir

    Wysoskiý ýaly, ýakyn geçmişiň gurbany bolupdy.”

 

                                                                                    Sofýa Hentowa    Saz öwreniji, sungat ylymlaynyň doktory.

 

  Nury Halmämmedowyň döredijiligi, onuň gören külpetleri, edil Gurbannazar Ezizowyň ykbalyny ýada salýardy. Halmämmedowy, her ýeten saz öwrenji, kompozitor, aý garaz sanasaň sanabermel, ýerli– ýerden, partiýanyň ideologiýa bölüminde, kompozitorlar birleşiginde, tankyt taýagy bilen ýepbekleýärdiler. Bu esasam, 60-njy ýyllaryň aýklarynda we 70-nji ýyllarda bolupdy. Elbetde, edilýän tankytlar, Nura, ruhy taýdan agyr düşýärdii. Onuň döreden aýdymlary, sazlary kabul edilen nusgawy ölçeglerine, gabat gelmeýär diýlip, inkär edilýärdi. Radioda, Nurynyň aýdym sazlarynyň ýaňlanmasy azalýardy. Hat-da, şol döwürler, oňa “Aýgytly ädim” filmi üçin berilen, Magtymguly adyndaky döwlet baýragam, yzyna alynmaly edilipdi. Bu ýagdaýlar, Nuryny ruhy çökünlige salsada, ol döredijiliginden el çekmeýärdi. Onuň durmuşy, Mosart bilen Solýeriniň gatnaşyklaryny, bassaşlyk we görüpçilik täleýini ýatladýardy. Men oglan wagtym, Nury Halmämmedowy kän görýärdim, ilkiler öýde, ol kakamyň ýanyna gelerdi, soňra “Türkmenfilm” kinostudiýasynda gabatlaşardyk. Kinorežissýor Muhammet Söýünhanow, 1982-nji ýylda, “Söýgiň gussaly hekaýaty”,atly çeper filmini surata düşüripdi, şol filmiň kompozitory Nury Halmämmedow, men hem, filmiň baş gahrymanylarynyň biri, Doduryň keşbini ýerine ýetiripdim. Şonda, onuň bilen kinostudiýanyň ses ýazylýan zalynda duşuşardyk. Bu film, onuň iň soňky işlän kinosydy. Bir gezek, kakam bilen, onuň 11-nji mikroraýonyndaky, bir otagly jaýyna baranymyz ýadyma düşýär. Men oňa, Nury daýy diýerdim. Ol ýüzi açyk, mylaýym adamdy, gürlände iki dilem, rus hem, türkmen dilini garyp geplärdi. Nury, kakam bilen dertlenşip oturardylar. Onuň Piýaninosynyň üstünde, Magtymgulynyň, Mollanepesiň kitaplarynyň açylgy duranyny görüpdim. Soň-soňlar, haçan-da, Nury Halmämmedow keselhanada agyr ýatyrka, 1983-nji ýylyň tomus aýlarydy, men ýokary okuw jaýyna girmek üçin, taýýynlyk görýärdim, ine, kakam ýanyma gelip, “ýör, Nury Halmämmedi sorap geleli, ol keselhanada ýatyr” diýdi. Biz şol wagtky, saglygy saklaýyş ministrligiň 4-nji uprawleniýesine geldik. Lukman bizi kynlyk bilen ýanyna goýberdi. Nury, kakama “Lew, (ol kakamyň adyny şeýle tutardy) garpyz iýesim gelýär, ýöne, lukman azot görmedik bolsun – diýýär, taparmyň – diýende, kakam ýeriň aňry ujuna gitmeli bolsam-da, taparyn diýip, göni ýanyndan çykyp,  şol wagtky “9 komissarlar” adyndaky sowhozyna gidip, azot berilmedik garpyzdan, maşynymyzy dolduryp geldik. Biz, keselhana baranymyzda, lukmanlar meni ýanyna goýbermediler, kakam girip, birsalymdan, ýüzini aşak salyp çykdy. Onuň gözleri ýaşaryp durdy. Men – ýeri nähili, iýdirdiňmi garpyzy – diýsem – “ görgüliň ysgyny ýok, neresse gurap barýar” diýdi. Biz, öýe barynçak, ýolda dymyşlyk höküm sürdi. Haçan-da, Nury Halmämmet, dünýeden gaýdan soň, kakam –“Nury görgülini, öz kärdeşleri  depelediler. Nämemişin, onuň sazlary, öziniň döreden sazlary dälmiş, ol halk sazlaryndan alyp, özünki diýärmiş. Şeýle toslamalaryň üstüni ýetrip, birnäçe “saz öwrenjiler” gupbaly jaýa yzygider, habar uçurýardylar. Men bolsa, şol kompozitor sumaklara – “Sizem dörediň, Nuryňky ýaly türkmen halk sazlaryny ulanyp, ine şonda, eserleriňiz kinolarda ýaňlanar, halkam ony kabul eder.” diýip – kakamyň, Nury Halmämmet hakynda aýdanlary, ýadymdan çykanok.

                                       “Häzir Nury Halmämmedow “Keçpelek”  filminiň sazyny ýazyp gutardy diýen ýaly.

                                                    Filim şindi ekrana çykanok. Emma onuň iki aýdymy   eýýäm aýdylyp ýör”.   

                                                                             Gurbannazar Ezizow 1969-njy ýyl gündelik   ýazgylaryndan.                                                                          

                                                                                                                                                                              Dogrudan-da, Nury Halmämmedowyň döredijiliginde “Keçpelek” sazy, iň beýik, naýbaşy eseri bolup durýar. Haçan-da, kompozitory, soňky ýoluna ugradylanda, onuň wesýeti boýunça, “Keçpelek” sazy tä, gonamçylyga çenli, ýaňlanyp gidipdir.

(kompozitor Nury Halmämmedowyň, baky aram tapan ýerindäki ýadygärligi.)

 

“Poeziýa gözellik hakyndaky ylym”

Gurbannazar Ezizow

 Gurbannazar Ezizowyň, poeziýa açaryny alyp, onuň içine ýene, bir, seredip göreliň. Biz, onyň poeziýasyna, ak goşgy diýip, at berýaris.

Ak goşgy – bu poeziýada, goşgy setirinde, kapyýa bolmaýar, ýöne, onda ýörite ölçeg saklanylýar. Şeýle goşgularda, esasy kapyýa däl-de, ritime –sazlaşyga, äheňe, basyma we sözleriň täsirligine üns berilýär. Kapyýaň ýoklugy, awtora sözleri we söz düzümlerini ulanmaga erkinlik berýar. Bu hem, awtoryň pikirlerini okaýjylara ýetirmäge, olara täsir etmäge, hyzmat edýär. Gurbannazar Ezizowyň söýgüli şahyrlarynyň biri Wilýam Şekispir, dýnýä belli “Gamlet” eserini, ak goşgy görnüşinde döredýär.

Erkin, goşgy düzüliş kadalaryna, näçe çuňlaşdygyňçä, şonçada, ol giňäp barýar. Bu  ýolda, goşgy ýazýan şahyrlar, eserlerinde, onuň ideýasyna görä, dürli ýollary ulanypdyrlar. Mysal üçin Gurbannazar Ezizowyň eserlerinde, “werlibr”, erkin goşgy görnüşem, gabat gelýär. Bu görnüş, erkinden – erkin kadadyr. Munda, kapyýa, ölçeg düzümi bolmaýar. “Werlibr” poeziýanyň tebigy sazlaşygyny, äheňini, täsirligini, aýdyňlygyny hem-de basym kadasyny  saklaýar.

Şahyr, Gurbannazar Ezizzowyň döredijiligini, şol döwürler SSSR-de ýaşap, döreden, belli şahyrlar, 60-njy ýyllylaryň öňdebaryjy sütünleri, Robert Roždestwenskiý, Ýewgeniý Ýewtuşenko, Andreý Woznesenskiý, Bella Ahmadulina, Mihail Swetlow ýaly, şahyrlar bilen deň derejede goýup bolar. Olar, bir döwrüň şahyrlary. Döreden esrlerinde, olary, esasy, ynsanyň ykbaly, durmuşyň manysy, ömür ýoly ýaly, temalar orun tutýar. Bu şahyrlaryň, goşgy dörediş tilsimleri, täze akymyň başlangyjy bolupdyr. Olaryň döredijiligi, ynsanyň baýdak göterjisine öwrülipdir.

(surtlarda şahyrlar, Ýewgeniý Ýewtuşemko, Andreý Woznesenskiý, aşakda, Bella Ahmadulina we Robert Roždestwenskiý.)

Gurbannazar Ezizowyň eserleriniň, şol şahyrlar bilen ýakynlygyny deňeşdireniňde, has golaý gelýäni, meniň pikirimçe,  Robert Roždestwenskiý bolup durýar. Mysallara geçmezden, şu ýerde Gurbannazar Ezizzowyň ýaşlyk dosty, mugallym, Derýa Baýramgulyýewiň ýatlamasyny getireliň:

“Gurbannazar Robert Roždestwenskiýni has gowy görerdi. Roždestwenskä azajyk öýkünerdem: “Seret, ol goşgy okanda sakynýar gerek? Menem sakawlaýan” Şeýdip, yzynam gülkä ýazdyrardy.”

Bu mysalda, Gurbannazar, şahyr Roždestwenskini özüne halypa hökmünde görýänligi suratlanýär. Dogry,  Robert Roždestwenski Gurbannazar Ezizowdan kän ulydy, ol 1932-nji ýylda doglan, bütin soýuz boýunça, tanalýan şahyrdy.   Onuň goşgulary, owazly aýdyma ýakyndy.Gurbannazar Ezizowyň goşgularynyň aglabasam, owazly, aýdymlara kybapdaş döredilendi. Bu iki şahyryň eserlerinde hemme taraplaýyn, (goşgyň tehniki gurulşy, köp ýerde sada kapyýalaň ulanylmagy we gozgaýan temalarynda) ýakynlyk dýulýar. Ol, göni manydaky meňzeşlik bolman, eýsem, iki şahyryň, ruhy taýdan oýlanyşlary, hem-de, dünýä garaýyş pikirleriniň, arassa ýürekden çykyp, ýönekeý okyja we diňleýjä täsir etmegidir. Şeýle duýgular, Roždestwenskiniň “Blagodarýu tebýa”, “Çeloweku nado malo”, “Lebedi,” “Dal welikaýa”, goşgularynda has hem duýulýar.

 

    В свой последни час

    я вздохну, скорбя,

    И на жизнь свою огленусь.

    Малым зернышком

    упаду в тебя,

    спелым колосом вернусь.

 

Gurbannazar Ezizow, şeýle beýan edýär:

 

   Adam ölüm diýip tapypdyr bir zat,

   Ölüm näme?

   Tebigata garylmak,

   Bahara gül bolup getirmek şöhrat

   Daň-säherler pyntyk bolup ýarylmak.

 

 Edil, Gurbannazar Ezizow bilen kompozitor Nury Halmämmedowyň döredijilik birligi kimin, Robert Roždestwenskiý bilen, kompozitor Mikail Tariwerdiýewiň döredijilik gatnaşyklary, biziň umumy taryhymyzda, öçmejek yz galdyrdylar.

 

    Men özümi aýamadym hiç ýerde.

    Gorum gutarar diýip etmedim müýni.

    Kä söýenim üçin urdular meni,

    Kä gazabym üçin söýdiler meni.

 

Gurbannazar Ezizow, öz döwürdeş şahyrlaryndan, köp zatlara garaşýardy. Ol, özüniň erk-duýgusy bilen, olary beýiklige çagyrýardy. Emma, ony eşitmeýärdiler. Gurbannazar, poeziýaň şo gününi, hem-de, ertirini alada edýärdi. 

(suratda şahyr Gurbannazar Ezizow ýaş ýazyjy-şahyrlar bilen.)

 Ezizow özüne mahsus, şahyrlary gözleýärdi, emma,  olar dörebermeýärdi. Türkmen poeziýasy, Gurbannazar Ezizow dünýeden giden soň, has-da garyplaşdy. Biz, onuň aýratynlygyna, şindem doly düşünmeýäris. Gurbannazar Ezizow, biziň poeziýamyza, Alla tarapyn, iberlen şahyrdy. Men ony, doly aýdyp bilerin.

Ezizowyň, garaşan umytlary, başa barmady. Häzir şahyrçylyk, poeziýa bilen meşgullanýanlaryň aglabasy, Ezizowyň getiren, erkin, ak goşgy görnüşindaki goşgularyny ýazsalarda, emma, olarda Gurbannazaryň gozgan ideýalyry, çagyrşlary, ýürek duýgulary, asla görünmeýär, ol, gömlüp galdy.

Gurbannazar Ezizowy, her okanyňda, özüňe täze açyşlar edýäň. Muny esasam, onuň bize goýup giden goşgularynda, gündelik ýatlamalarynda görüp bolýar.Şol ýazgylarda, onuň öte bilimli, sowatly şahsyýet bolanlygy, aýdyň görünýär.

 

    Bize manysy duýgudan güýçli, duýgusy manydan

    güýçli  goşgular gerek. Pikassoň  (hudožnik) bir suraty

    bar: seniň  seredip oturan suratyňda pişik ýok, ýöne

    geň-taň çyzgylarda pişigiň ýylgyrşy görnüp dur.

                                                                                                Gurbannazar Ezizow “Gündelikden”

 

Maňa, şahyryň bu pikirleri örän täsir etdi. Modernizm, akymyň baş wekilleriniň biri bolän, hudožnik Pikassoň, abstrakt işlerini, poeziýa bilen baglanşdyryp, mysal getirip bilýän, türkmen şahyryna, men ilkinji gezek gabat geldim. Sebäbi, bu aňyrbaşy sungat, oňa dogry we doly düşünmek, bu, pellihana gelenligiňi aňladýar. Muňa hat-da, türkmen hudožnikleriniň köpüsem düşünmeýär.

                      (Gurbannazar Ezizowyň, gündelik ýazgylaryndan.)

Olar realizm akymynda galyp, osüşe ymtylmaýarlar. Hudožnik, Tokar Tugurow, ilkinji abstraksiýa akymynda, işler ýazan şahyr Gurbannazar Ezizowyň dosty we bajasy, bu barada, şeýle gürrüň beripdi. Gurbannazar Ezizowyň, umyt baglan, ady belli şahyrlarynyň biri, adyny aýdyp durmaýyn, Tokar aganyň, ussahanasyna gelýär. Ol onuň işlerine seredip: Tokar şu seniň çekýän suratlaryňa düşüner ýaly däl, ýöne çyzyk-myzyk bolup durla. Aý, munyňdan sungat bolmaz, Tokarjan. Ine, düýn telewizorda hudožnik Pablo Pikassoň “Müşdükli oglanjyk” diýen ýönekeý işini auksionda 104 million dollara satypdyrlar, eger-de Kazemir Malewiçiň, “Gara dörtburçlyk” diýen işi  satlyga çykarlan bolsa,, onda ol 200 million dollara giderdi diýýär. Aý, Tokarjan, olar ýaly suraty, meň, iň kiçi agtygymam çeker, reňk berseň”diýipdir. Tokar aga oňa, jogabam bermändir. Bu, elbetde, göýdüklik. Gurbannazar Ezizowyň, ündeýäni, şol göýdüklikden daşlaşmakdy.

                                                                          Tukatlyk – abstrakt duýgy. Güýz pasly – onuň konkret formasy.

                      Men näme üçindir güýz paslyna tukatlygyň, optimistik tukatlygyň,

                      simwoly diýip düşünýärin.

                                                                Gurbannazar Ezizow, 11.04.1963 ý.

Şeýle, filosofiki pikir ýöredip bilýän, dörediji adama, ylaýtada, türkmenlerde men duşmadym. Gynansagam, häzirem, şonuň ýaly adamlar, ýok.  Bu,  jemgyýetiň degradasiýa (uçyda) tarap ýöredigimikä? Ýok! Sebäbi, garaňkylykdan soň, daň atýär.

“Eger Magtymguly, türkmen edebiýatynyň galasy bolsa, onda, Gurbannazar Eziz ogly, oň tugudyr”

 Ýusup Kulyýew, sungat öwreniji.

 

 

Ýene-de okaň

Allaýar Çüriýew: soraň, bilenimi aýdaryn

Ata Watan Eserleri

Esger Möwlamow: halypa sazandanyň sarpasy

Ata Watan Eserleri

Ýelizaweta Garaýewa: kino sungatymyzyň «Karkarasy»

Akgül Saparowa: okyjylarym ylham ganatym

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym