JEMGYÝET

Aşgabatda Bitaraplyk zolagy dörediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň Bitaraplyk binasy ýerleşýän künjegi «Bitaraplyk binalar toplumy» diýlip atlandyrylsa maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Gahryman Arkadag ýurtda ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşla çenli hemmeleriň bitaraplyk düşünjesiniň, onuň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny bilmelidigini hem-de duýmalydygyny aýratyn belläp, bu künjegiň ýaşlaryň, myhmanlaryň, syýahatçylaryň gelim-gidimli ýerine öwrüljekdigini aýtdy.

«Bu taryhy ýer uly toýuň geçjek ýeri bolar» diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy şu boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň agzalaryna degişli tabşyryklary berdi.

Şeýle-de Gahryman Arkadag Aşgabadyň Bitaraplyk şaýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy ýerde Bitaraplyk zolagyny döretmelidigini aýdyp, BMG-niň nyşanynyň göze gelüwli edip ýerleşdirilmelidigini belledi.

Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilen ýyllary we muňa degişli taryhy özgertmeler bilen bagly ýazgylary ýerleşdirmek boýunça öz öwüt-nesihatlaryny berdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Ýene-de okaň

«Galkynyş» toparynyň Balkan topragyndaky çykyşlary

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidentine Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň sylagy gowşuryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri ABŞ-a sapar bilen ugrady

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi