Ýarym agyr agram derejesinde PFL ligasynyň häzirki çempiony, türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow Belgiýanyň «Diplomatic World» institutynyň hünärmeni Derýa Soýsal bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen türgeni bu söhbetdeşliginiň barşynda sportuň adamlary birleşdirýändigini we parahatçylygy ösdürmegiň usuly bolup durýandygyny aýtdy. Ol Türkmenistanda çagalaryň kiçi ýaşdan sport bilen ulalýandygyny, munuň bolsa ony ýurduň medeniýetiniň möhüm bölegine öwürýändigini aýtdy. Ýagşymyradow dünýä giňişliginde Türkmenistana wekilçilik etmek mümkinçiligine buýsanýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol ýaş nesli hiç haçan ruhdan düşmezlige we arzuwlaryna ynanmaga çagyrdy.
Döwletjan Ýagşymyradow 1989-njy ýylyň 22-nji maýynda doglan, garyşyk söweş sungaty boýunça türgen bolup, Professional Fighters League (PFL) ligasynyň ýeňil agram derejesinde çykyş etdi we häzirki wagtda bu kategoriýada çempiondyr. Ol mundan öň “Bellator MMA”-da (2020-2023) çykyş edipdi. Şeýle hem, “Absolute Championship Akhmat” (ACA) ýaryşynyň çäklerinde bäsleşip, ACA-nyň ýeňil agram derejesindäki çempiony bolupdy.
Şu ýerde şol söhbeteşligiň size ýetirýäris:
Özüňiz bilen tanyşdyryp bilersiňizmi? Men Döwletjan Ýagşymyradow. Türkmenistanly türgen, alty ýaşymdan bäri sport bilen meşgullanyp gelýän. Men 21 ýaşymda professional türgen boldum. Halaýan hem-de söýýän kärimi alyp barýaryn.
Bäsleşik we hormaty nädip deňagramlykda saklaýarsyňyz? Parahatçylyk hakynda nämeler aýdyp bilersiňiz? Meniň üçin sport adamlary birleşdirýär. Şonuň üçin sporty parahatçylygy ösdürmegiň usuly hökmünde görüp bileris.
Sport türkmen medeniýetine çuňňur ornaşypdyrmy? Hawa, Türkmenistanda çagalar çagalykdan sport bilen ulalýarlar. Sport türkmen medeniýetinde möhüm orun eýelýär.
Meşhur türkmen sportçysy bolmak we öz ýurduňyza wekilçilik etmek nähili duýgy? Bu uly buýsanç! Öz yurduma we halkyma wekilçilik etmek meniň üçin ajaýyp hem-de gaýtalanmajak duýgy. Türkmen bolup dünýä inmek we Watanymy halkara sport sahnasynda tanatmak aýratyn hem-de özboluşly buýsançdyr.
Sport dürli medeniýetiň wekillerini birleşdirmäge kömek edýärmi? Hawa, sport dürli medeniýetiň wekillerini duşuryp, dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Ýaşlara nähili maslahatlaryňyz bar? Hiç haçan ruhdan düşmäň. Maksadyňyza ýetmek üçin hemişe göreşiň.