BIZNES

Türkmen-özbek serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrylar

2025-nji ýylyň 4-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleri göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdylar.

Iş duşuşygyň maksady «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boldy.

Duşuşygyň netijesi boýunça taraplar, «Farap awtoýollary-Alat» gümrük nokatlarynda ýüze çykyp biljek soraglary we meseleleri dessin çözmek maksady bilen jogapkär wekiliň bellenilmegi, gümrük nokatlarynyň çäginde bilelikdäki iş duşuşyklarynyň geçirilmegi hem-de Türkmenistanda geçen ýylyň 1-nji iýunyndan işe girizilen deslapdan deklarirleme mümkinçiliginden Özbegistanyň Daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň peýdalanmagy üçin tanyşdyryş işleriniň geçirilmegi barada ylalaşyldy.

Related posts

Türkmenistanda oba hojalyk öndürijilerine maliýe goldawy berler

Türkmenistan Gübre İhracatında Liderliğe Yükselecek

vepa

Her sene 1.2 milyon ton gübre ihracat

vepa