JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Sigeru Isibany doglan güni bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sigeru Isiba doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýändigini belläp, onuň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isiba tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, bagtyýarlyk, Ýaponiýanyň halkynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Related posts

Bereket lokomotif deposu hizmete açıldı

vepa

Ýewro-2020: Niderlandlar we Belgiýa indiki tapgyra çykdy

Ata Watan Eserleri

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-russiýa parlamentara topary döredildi