JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Gyrgyzystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň birnäçe möhüm meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň okgunly we yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belläp, soňky ýyllarda bu hyzmatdaşlygyň köp ulgamlary we ugurlary öz içine alýandygyny aýtdy.

Ýurtlarymyz halkara giňişliginde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri, şol sanda dünýäde we sebitde howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmek, ekologiýa we suw meselesi ýaly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.

Related posts

Köp ýyldan soň tapylan el torbasy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Gazagystany BMG-niň Kararnamasy bilen gutlady

Rahat uky ― işjeňligiň esasy şerti

vepa