JEMGYÝET

Frank-Walter Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa

Jenap Prezident!

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de türkmen halkyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ugurlarda we jemgyýetçilik düzümleri boýunça gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Germaniýa Türkmenistanyň hyzmatdaşy hökmünde, ýurduňyzyň ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we demokratik ösüş ýoluny geljekde hem goldar. Şu we beýleki meseleler boýunça Berlinde boljak Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bilelikdäki duşuşygynda has giňişleýin ara alyp maslahatlaşarys.

Size we Siziň ýakynlaryňyza hem-de Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn.

Frank-Walter Ştaýnmaýer, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti

Related posts

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ady dakyldy

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri açylar