DÜNÝÄ

Jemgyýetçilik ulaglary mugt boldy

2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Serbiýanyň paýtagty Belgrad şäherinde jemgyýetçilik ulaglary mugt boldy. Mundan beýläk, şäheriň ýaşaýjylary we olaryň myhmanlary awtobuslaryň, tramwaýlaryň we trolleýbuslaryň hyzmatyndan mugt peýdalanyp bilýärler.

Şeýlelikde, Belgrad Ýewropada ilaty 500 müňden gowrak bolan we jemgyýetçilik ulaglary üçin töleg göz öňünde tutulmaýan ilkinji iri şäher boldy. Bu barada degişli karara şäheriň häkimi Aleksandr Şapiç tarapyndan resmi taýdan gol çekildi.

Şäher häkimi bu çäräniň köçelerde ulag dyknyşygyny ýüküni azaltmak hem-de howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen durmuşa geçirilendigini belledi.

Häkimiýet bu täze düzgüniň jemgyýetçilik ulaglaryna gyzyklanmany has-da artdyryp, şäheriň köçelerinde şahsy ulaglarynyň sanynyň azaltmagyna kömek etjekdigine ynanýar.

Mundan başga-da, Belgradyň häkimligi öňümizdäki 3 ýylda şäher ulag düzüminiň dolulygyna täzelenjekdigini habar berdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy