DÜNÝÄ

Täze ýyly ilkinji kabul edýän ýurtlar

Bütin dünýäde sabyrsyzlyk bilen garaşylýan iň esasy baýramlaryň biri Täze ýyl hasaplanýar. Eýsem Ýer ýüzünde ilkinji bolup Täze ýyly haýsy ýurduň ýaşaýjylary garşy alýarlar. Täze ýyly garşy alýan ýurtlar wagt guşaklygynyň başlangyjyndaky ýurtlardyr.

Ilkinji bolup, Kiribati Respublikasynyň Kiritimati, Teraina we onuň töweregindäki adalaryň ýaşaýjylary Täze ýyla aýak basýarlar. Şolaryň yzýany Täze ýyl Täze Zelandiýa, Awstraliýa we Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalara aýak basýar. Bu ýerlerde Täze ýyl feýerwerkleriniň sesi ýaňlanyp başlan wagty biziň ýurdumyzda senenama 31-nji dekabry, sagadyň dili 15:00-y görkezýär.

Soňra Ýuwaş ummanyndaky beýleki adalaryň ýaşaýjylary Täze ýyla gadam basýarlar. Onuň yzýany Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň, Awstraliýanyň günbatar sebitleriniň, Ýaponiýanyň ýaşaýjylary täze ýyla gadam basýarlar. Şeýlelikde, Täze ýyl dürli ýurtlardan aşyp, biziň ýurdumyza gelýär. Ýurdumyzda ýylyň çalyşýan wagty Sidneýde senenama 1-nji ýanwar, sagat irden 6:00-y görkezýän bolsa, Londonlylaryň Täze ýyly garşy almaklaryna 5 sagat galan bolýar. Täze ýyl ýoluny dowam edip, Atlantik ummanyny aşyp, Amerika baryp ýetýär. Gawai, Kuk adalary, Fransuz Polineziýasy ýaly ýerlerde Täze ýylyň ilkinji minutlarynda Türkmenistanda sagadyň dili 15:00-y, senenama 1-nji ýanwary görkezýär. Şondan bir sagat soň, Ýuwaş ummanyndaky Amerikan Samoasy, Niue, Midueý adalarynyň ýaşaýjylary Täze ýyly iň soňky bolup garşy alýarlar. Bu adalar baýramçylygy ilki belleýän ýurtlaryň golaýynda ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Ermenistanyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy

Gyrgyzystan bilen Seýşel adalary wiza düzgünini ýatyrýan ylalaşyga gol çekdiler

Italiýanyň Premýer-ministriniň Azerbaýjana sapary

BMG-niň Türkmenistandaky wekili Azerbaýjana bellendi

Özbegistan Merkezi Aziýanyň bitewi syýahatçylyk halkasyny döretmegi teklip etdi

Türkmenistanyň ilçisi ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisi bilen duşuşdy