DÜNÝÄ

GDA-nyň başlyklygy Täjigistana geçdi

Täjigistan 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk edip başlady. Ol bu guramaçylyk işini Russiýadan kabul edip aldy.

Moskwada GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde eden çykyşynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon başlyklyk edýän döwründe esasy wezipeleriniň biriniň Arkalaşygyň işlerini kämilleşdirmekden ybarat boljakdygyny belledi. Şeýle hem ol Täjigistanyň GDA agza döwletleriň arasynda howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy ugrunda tagalla ediljekdigini aýtdy.

Mundan başga-da, Täjik Lideri Arkalaşygyň çäklerinde ykdysady, ekologiýa, medeni-ynsanperwer, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berjekdiklerini mälim etdi.

Related posts

ÝTÖB Derweze kraterindäki ýanýan gazy söndürmäge goldaw bermekçi

Ata Watan Eserleri

Žonglirlemegiň esasynda Rubigiň kubigini düzmek rekordy

Milli Liderimiz “Türkmenistanyň ussat diplomaty” diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy

Ata Watan Eserleri