DÜNÝÄ

2200 ýyllyk teňňeler tapyldy

Bursa şäheriniň Iznik etrabynda ýaşaýan 37 ýaşly Ferhat Köken atly bir daýhan ekin meýdanyna zeýtun agaçlaryny dermanlap ýörkä, Rim döwründen galan teňňeleri tapýar. Onuň agajyň düýbünden tapan teňňeleriniň 2200 ýyllyk taryhy bar.

Ol Iznik etrap merkezindäki muzeý müdirligine baryp, pullary muzeý işgärlerine gowşurýar. Muzeý müdirliginde teňňeler tanymal arheolog tarapyndan 2200 ýyllyk taryhynyň bardygy öwrenilýär. Barlanan puluň bahasyna görä, daýhan Köken gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanar. Puly tapan Ferhat Köken bu hadysa barada şeýle gürrüň berýär.

Zeýtun agaçlaryny dermanlamaga gelipdim. Agajyň aşagynda dynç alýarkam, birden teňňelere gözüm düşdi. Olary muzeý müdirligine getirdim — diýip, aýdýar.

Related posts

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçisi resmi taýdan işine girişdi

Ata Watan Eserleri

ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekiliniň Aşgabada sapary

Ata Watan Eserleri