JEMGYÝET

Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň halklaryna 2025-nji ýylda parahatçylyk, rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ýakyn goňşusy hem-de ygtybarly hyzmatdaşy bolan Özbegistan Respublikasy bilen özara bähbitli gatnaşyklara ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde garalýandygyny belledi. Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ugurlaryň giň gerimini öz içine alýar. Şunda ulanylmadyk ägirt uly kuwwatyň bardygy aýdyldy. Onuň durmuşa geçirilmegi özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga ýardam berer. Şunuň bilen birlikde, ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhümdigine üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda döredijilik mirasy dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna giren beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Özbegistanda hem dürli medeni çäreleriň geçirilendigi bellenildi. Munuň özi şahyryň edebi mirasyna dostlukly ýurtda uly hormat goýulýandygynyň güwäsi boldy hem-de umumy taryhy kökleri bolan iki goňşy halkyň has-da ýakynlaşmagyna, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyna ýardam berdi.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň doganlyk Özbegistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny we strategik hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça teklipleri hem-de başlangyçlary goldaýandygyny tassyklady.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Türkiýe: bilim hyzmatdaşlygynda täze teklipler

Aşgabatda «Şapak» seýilgähiniň açylyş dabarasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanly okuwçylar Türkmenistany Kaliforniýada tanyşdyrdylar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy hytaýly kärdeşi bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Sun Sinlin gaznasynyň işi bilen tanyşdy

Türk alymy Alişer Nowaýy adyndaky Halkara baýragyna mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri