JEMGYÝET

“Türkmenistan” awiakompaniýasy: ýolagçylar Moskwa-Stambul-Aşgabat ugry boýunça getiriler

“Türkmenistan” awiakompaniýasy 30-31-nji dekabrda Moskwadan Aşgabada ýolagyçlary getirmek işini alyp barar. Bu barada awiakompaniýanyň “https://turkmenistanairlines.ru” saýtynda habar berilýär.

“Türkmenistan” awiakompaniýasy degişli senelerdäki uçar gatnawlaryny alternatiw ugur boýunça ýerine ýetirer. Ýolagçylary Moskwa-Stambul-Aşgabat ugry boýunça getirmek göz öňünde tutulýar.

30-njy we 31-nji dekabrda bileti bolan ýolagçylar üçin goşmaça tölegler alynmaýar.

Awiakompaniýa ýolagçylaryň Domodedowa howa menziline uçuşdan 3 sagat öň gelmegini we Moskwa-Stambul-Aşgabat gatnawyna bellige alynmagyny haýyş edýär.

30-njy dekabr hasaba almak 01:00

31-nji dekabrda hasaba almak 03:55

Ýolagçylaryň el-goşlary Aşgabada çenli ugradylar. Stambula uçuş üçin wiza talap edilmeýär.

Soňky seneler boýunça goşmaça habar berler.

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Moskwa ugry boýunça rejeli gatnawlaryny wagtlaýynça togtadypdy.

Related posts

Çagalygym bilen ýüzbe ýüz

vepa

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Ata Watan Eserleri

Hepdäniň ahyrynda gar gatyşykly ýagyş ýagar

Ata Watan Eserleri