SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Maldiw adalarynyň taryhy syýahatçylyk rekordy

Maldiwler 2024-nji ýylda iki milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny garşy aldy. Bu barada ada döwletiniň Syýahatçylyk ministrligi habar berdi. Ýurduň taryhdaky iň gowy netijesi. 2023-nji ýylda arhipelaga 1,8 million myhman, 2022-nji ýylda – 1,6 million myhman gelipdi.

“Bu ýyl ýurduň taryhynda köp rekord gazanyldy. Şu ýylyň fewral aýynda iň köp syýahatçy geldi – 217 müňe ýetdi. Şeýle hem üstümizdäki ýyl 1 million syýahatçylyk belligine ýetmek mümkinçiligi has ir gazanyldy”, diýip, Maldiwleriň syýahatçylyk ministri Ybraýym Faýsal habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

Onuň bellemegine görä, indiki ýyl bu görkezijini 15% ýokarlandyrmak we adalarda dynç alýanlaryň sanyny azyndan 2,2 milliona ýetirmek maksat edinilýär.

Maldiw adalaryna iň köp syýahatçy Hytaýdan geldi, olaryň sany 260 müňden gowrakdyr. Ikinji orunda Russiýa bolup, 220 müňe golaý rus syýahatçy adalarda dynç aldy.

Maldiw adalarynda 174 şypahana, 855 kiçi myhmanhana we 15 sany uly myhmanhana bar. Noýabr aýynda Russiýanyň ilkinji Baş konsullygy Maldiwleriň paýtagtynda işläp başlady.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar