DÜNÝÄ

Eýran Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň synçy agzasy boldy

Eýran Yslam Respublikasyna Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň synçy agzasy derejesi berildi. Bu barada bileleşigiň Russiýada geçirilen sammitinde degişli çözgüt kabul edildi.

– Eýran mundna beýläk biziň bileleşigimiziň synçy agzasydyr – diýip, Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň başlygy Bakytžan Sagintaýew habarçylara beren beýanatynda belläp geçdi.

Kuba we Özbegistan Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň synçy agzalary bolup durýar. Bu bileleşigiň doly hukukly agzalary Russiýa, Ermenistan, Belarus, Gazagystan we Gyrgyzystan.

Özbegistanyň hem 2025-nji ýylda bu gurama doly hukukly agza bolmagyna garaşylýar.

Related posts

“Lufthansa” awiakompaniýasy üçin 9 milliard ýewro

ECO 23.Dışişleri Bakanları Toplantısı Duşanbe’de yapıldı

vepa

Prezident Tramp käbir ýurtlaryň raýatlaryna wiza çäklendirmesi girizýän Karara gol çekdi

Ata Watan Eserleri