DÜNÝÄ

Türkmenistan “Merkezi Aziýa-Hytaý” içeri işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Astanada «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda içeri işler we jemgyýetçilik howpsuzlygy ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. Onda sebit howpsuzlygyny berkitmek, transmilli jenaýatçylyga, kiberjenaýatçylyga garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Gazagystanyň Içeri işler ministrligi (IIM) habar berýär. Bu duşuşyga Türkmenistanyň içeri işler ministri M.Hydyrow hem gatnaşdy.

Häzirki zaman wehimleriniň artýan şertlerinde, duşuşyga gatnaşyjylar hukuk goraýjy edaralaryň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge, tejribe alyşmaga, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmaga we hünär aragatnaşyklaryny berkitmäge aýratyn üns berdiler.

Şeýle hem Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaew, ugurdaş edaralaryň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ikinji duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana gelen Hytaý Halk Respublikasynyň jemgyýetçilik howpsuzlygy ministri Wan Sýaohuny, Gyrgyz Respublikasynyň içeri işler ministri Ulan Niýazbekowy, Täjigistan Respublikasynyň içeri işler ministri Ramazon Rahimzodany, Türkmenistanyň içeri işler ministri Muhammet Hydyrowy we Özbegistan Respublikasynyň içeri işler ministri Aziz Taşpulatowy kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygyny üpjün etmek, transmilli jenaýatçylyga, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kiberjenaýatçylyga, ekstremizme we beýleki häzirki zaman wehimlerine garşy göreşmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

«Merkezi Aziýa – Hytaý» formatyndaky ilkinji duşuşyk 2024-nji ýylda Lýanyungang şäherinde (Hytaý) geçirilipdi.

Related posts

Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp geçiriljek maslahat we çäreler

Türkmenistanyň Prezidenti Serbiýanyň Prezidentini gutlady

Bahçeşehir uniwersiteti türkmen talyplaryna garaşýar

vepa