BIZNES

Türkmenistan Malaýziýa bilen oba hojalyk pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Türkmenistan bilen Malaýziýa oba hojalyk tehnologiýalary, suw serişdelerini dolandyrmak, şeýle hem oba hojalygynda ylmy barlag işleri boýunça hyzmatdaşlygyny giňelder. Bu barada “Bernama” habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk pudagynda gözegçilik edýän orunbasary T. Atahallyýew Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginiň ýolbaşçylaryndan Datuk Artur Josep Kurup bilen duşuşdy.

“Şu gün Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda oba hojalyk pudagynda ilkinji duşuşyk geçirildi. Taraplar öz döwletleriniňoba hojalyk pudagyndaky mümkinçilikleri barada maglumat berdiler. Şeýle hem taraplar oba hojalyk pudagyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdy” – diýip, metbugat beýanatda bellenilýär.

Malaýziýa tarapy öz ýurdunda dürli görnüşli ýokary hilli tropiki miweleriň bardygyny belläp, Türkmenistanyň wekiliýetini Malaýziýanyň tropiki miwelerini türkmen bazaryna ýerlemek teklibi öňe sürdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy