SIZDEN GELENLER

Saglyk ulgamynda sanly mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň sagdynlygy ýurdumyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrundaky tagallalar bilen utgaşýar. Bu ugurda amala aşyrylýan tutumly işler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Halkyň saglygyny goramak üçin bolsa, ilkinji nobatda, saglygy goraýyş ulgamynda uly ösüşleri gazanmagy üpjün etmek zerurlygy öňe çykýar. Häzirki wagtda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş desgalarynyň ähli taraplaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, olara iň gowy innowasion tehnologiýalaryň, dünýä tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn uly ähmiýet berilýändigi guwandyryjydyr. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, dünýäniň öňdebaryjy lukmançylyk edaralary, ylmy-barlag merkezleri bilen ýola goýlan gatnaşyklaryň esasynda dürli keselleri anyklamakda, bejermekde lukmanlarymyzyň uly tejribe toplandyklaryny bellemek aýratyn ýakymlydyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Saglyk» Döwlet maksatnamasy esasynda milli saglygy goraýyş we derman senagaty pudagynyň düzümini öňdebaryjy dünýä tejribelerine laýyklykda kämilleşdirmek, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak üçin zerur şertleri döredýäris» diýip nygtaýar.

Häzirki döwürde sanly ulgamyň mümkinçilikleriň geriminiň giňeýän döwründe lukmançylyk ulgamynda hem oňyn ösüşler gazanylýar.  «Sanly Türkmenistan» atly döwlet maksatnamasy ykdysadyýetiň ylmy gazanylanlary köp talap edýän pudaklarynda ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň ýokarlandyrylmagyny, öňdebaryjy tehnologiýalary önümçilikde ulanmagyň çaltlandyrylmagyny, elektron resminamalar dolanyşygyna hem-de elektron şahsyýetnamalar ulgamyna doly geçmäge ýardam etmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, maksatnamanyň çäklerinde ýurdumyzda telelukmançylyk, kompýuter hem-de telekommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly uzak aralykdan maslahat we bilim bermek ýaly goşmaça elektron hyzmatlary ýerine ýetirmegiň hasabyna sanly düzümleri ösdürmek hem meýilleşdirilýär.

Sanly ulgamyň ösmegi bilen telelukmançylyk adalgasy döredi. Milli saglygy goraýyş ulgamynda toplanan tejribeleri baýlaşdyrmakda üstünlikleriň gazanylýar, telelukmançylyk, hususan-da, uzak aralykdan geçirilýän geňeşmeler we amaly lukmançylyga öňdebaryjy usulyýetleriň ornaşdyrylmagy arkaly tejribe alşylmagy üçin ylmy lukmançylyk hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine uly ähmiýet berilýär. Lukmançylyk we ylmy diplomatiýa boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ilerletmek arkaly Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Çagalar gaznasy, dünýäniň öňdebaryjy ylmy-barlag merkezleri bilen gatnaşyklar giňeldilýär. Bu işleriň ählisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň düýpli özgerýändigini we ösüşiň hil taýdan täze basgançagyna çykýandygyny görkezýär. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edildi. Türkmenistana gowşurylan güwänamalar, sylaglar we beýleki resminamalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Bu uly üstünlikler Gahryman Arkadagymyzyň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hem-de alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň güwäsidir.

Telelukmançylyk aragatnaşyk tehnologiýalaryň gazanan ösüşlerini saglygy goraýyş ulgamynda peýdalanmakdyr. Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň kesgitlemesine görä, «Telelukmançylyk bütindünýä saglygy goraýşy ösdürmek: köpçülikleýin ýaýraýan kesellere gözegçilik etmek, lukmançylyk bilimini, dolandyryş we barlag işini çuňlaşdyrmak maksadyna eýerýän toplumlaýyn düşünje bolup, ulgam, hyzmat we saglygy goraýyş üçin informasion hem-de telekommunikasion tehnologiýalar arkaly uzak aralykdan lukmançylyk maglumatlarynyň alyş-çalşygydyr».

Lukmanlar internetiň bütindünýä tory we elektron poçta arkaly alan maglumatlaryna: laborator barlaglaryň netijelerine seredip näsagyň keselini anyklaýar. Telelukmançylyk arkaly dünýäniň dürli saglygy goraýyş we ylmy-derňew merkezleriniň lukmanlary özara kärdeşlik gatnaşyklaryny saklaýarlar. Wideokonferensiýa arkaly janly söhbetdeşlik, gürrüňdeşlik guralýar we daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş merkezleriniň arasynda näsagyň lukmançylyk resminamalarynyň, barlaglarynyň alyş-çalşygy amala aşyrylýar.

Telelukmançylygyň esasy wezipeleri ilat arasynda keselleriň öňüni almakdan, lukmançylyk hyzmatynyň tölegini azaltmakdan, uzak aralykdan hyzmaty amala aşyryp, üzňeleşmäni aradan aýyrmakdan hem-de hyzmatyň derejesini we hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Telelukmançylygyň geljekki ösüşi nanotehnologiýa, informatika we beýleki ylmy ugurlardaky üstünlikler, täze açyşlar bilen berk baglanyşyklydyr.

Mähri Daňatarowa, 

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň

Lukmançylyk fizikasy we informatika kafedrasynyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Ulag diplomatiýasynyň dabaralanýan forumy

Saglyk — baş baýlyk

Ata Watan Eserleri

Sanly ulgam – täze mümkinçilikleriň sazlaşygy

Türkmen-özbek dostlugy mizemezdir

Dil öwrenmegiň döwrebap usulyýeti

Ata Watan Eserleri

Il saglygy — döwlet syýasatynyň derwaýys ugry