Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.
Birleşen Arap Emirlikleri Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, ýurtlarymyz ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, maliýe ulgamlarynda hyzmatdaşlygy alyp barýarlar. Şunda BAE-niň öňdebaryjy kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmäge goşan uly goşandy bellenildi. Bu ugurda bilelikdäki işiň köpýyllyk oňyn tejribesi toplandy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri geçen ýylyň fewralynda Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran saparynyň çäklerinde “Türkmengaz” döwlet konserni bilen “ADNOC” kompaniýasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini belledi. “Bu Ähtnamanyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygymyzy beýan edýäris. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri halkara energetika taslamalaryna işjeň gatnaşmaga çagyrýarys” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we Türkmenistanyň anyk tekliplere seretmäge taýýardygyny tassyklady.
Halk Maslahatynyň Başlygy uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanda öndürilýän gazhimiýa önümleriniň dünýä bazarynda ýokary islegden peýdalanýandygyny, ýakynda bolsa “Galkynyş” gaz käninde çykymy bir gije-gündizde 2 million kub metre deň bolan täze tebigy gaz akymynyň alnandygyny aýtdy. Milli Liderimiz sebitiň ýurtlarynyň türkmen tebigy gazyny “swap” usulynda import etmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belledi. Şunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Dostlukly ýurduň wekilleri Türkmenistanda amatly maýa goýum ýagdaýynyň we bu ugurda degişli hukuk binýadynyň döredilendigini bellediler hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň energetika we infrastruktura ministri Suheýl Al Mazrui hem-de senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri, Abu-Dabiniň milli nebit kompaniýasynyň Baş direktory Soltan Ahmed Al-Jaber bilen duşuşdy.