BILIM

Kembrij sözlügi 2024-nji ýylyň “sözüni” saýlady

Kembrij sözlügini düzüjiler tamamlanyp barýan ýylyň esasy sözüni saýladylar. Bu söz “manifest” sözi boldy.

“Manifest” sözi täze söz däl, 2024-nji ýyldan öň hem gündelik durmuşda seýrek ulanylýan sözleriň biridir. 2024-nji ýylda manifest sözi Kembrij sözlüginde 130 müňden gowrak gezek gözlenildi. Onuň metbugat neşirlerinde hem köp ulanyp başladylar. Bu sözi meşhur şahsyýetler – aýdymçy Dua Lipa, Sabina Karpenter we türgen Simona Baýlz ýalylardan duýmak boldy.

2020-nji ýylda bu söz meşhurlyk gazanyp ugrady we häzirki wagtda iň ýokary basgançagyna çykdy. Bu söz – görkezmek, bildirmek, ýüze çykarmak, ykrar etmek ýaly birnäçe manylary berýär.

Related posts

Türkmen ýaşlarynyň Pakistanda talyp haky bilen bilim almak mümkinçiligi maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

Jons Hopkins uniwersitetiniň lukmançylyk mekdebi mugt bolar

Dalaşgär-2026: Türkmen döwlet medeniýet instituty