DÜNÝÄ

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud Balkan welaýatynda boldy

ABŞ-nyň Ilçisi Elizabet Rud ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik we söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen Balkan welaýatyna sapar etdi. Bu barada ilçihana habar berýär.

Ol saparynyň dowamynda Türkmenbaşy Türkmenbaşy, Balkanabat şäherleriniň we Balkan welaýatynyň häkimleri bilen duşuşdy. Ilçi Rud şeýle hem ýerli telekeçiler we sebitde işleýän amerikan kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Mundan başga-da, Ilçi Rud “Mert” alpinistler kluby we birnäçe jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşdy. Ol şeýle hem Türkmenistanyň deňiz ulgamy bilen baglanyşykly dürli desgalary gördi.

Ilçi Rudyň sapary ABŞ-nyň Türkmenistanda diplomatik gatnaşyklary ösdürmäge we täjirçilik başlangyçlaryny goldamaga bolan ygrarlylygyny görkezýär.  ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy amerikan kompaniýalary we Türkmenistanyň hökümeti bilen maýa goýum we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň täze ýollaryny tapmak we ykdysady ösüşi höweslendirmek ugrunda işleýär.

ABŞ-nyň kompaniýalary Türkmenistana özüniň ykdysady ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam etjek çözgütleri hödürlemäge taýýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Rabab Fatima bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýokary derejeli halkara suw maslahatyna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisinde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

«Galkynyş» topary Türkiýede geçirilen halkara festiwala gatnaşdy

Türkmenistanyň ilçisi Ýaponiýanyň ozalky Premýer-ministri bilen duşuşdy