MEDENIÝET

“Älem gözeli-2024” ýeňijisi belli boldy

“Älem gözeli-2024” bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy we bu abraýly baýragy Daniýanyň wekili Wiktoriýa Kýer Teýlwig gazandy. 21 ýaşyndaky daniýaly Wiktoriýa haýwanlary goraýjy bolup durýar, şeýle hem ol tans bilen meşgullanýar.

“Älem gözeli” – her ýyl geçirilýän iň abraýly hasaplanýan halkara gözellik bäsleşigidir. Bu gezek bu bäsleşik 73-nji gezek guraldy. Meksikanyň paýtagty Mehiko şäherinde geçirilen bäsleşuge Amerika, Ýewropa we Aziýa yklymyndan 120 zenan gatnaşdy.

2023-nji ýylda “Älem gözeli” bäsleşiginde baş baýraga Nikaraguanyň wekili 23 ýaşyndaky Şeýnnos Alondre Palasios Korneho bolupdy.

Birnäçe hepde ozal, Awstraliýandan Jessika Leýn “Dünýä gözeli” bäsleşiginde ýeňiji bolupdy.

Related posts

«Türkmenfilm» birleşigi «Kompozitor» atly täze çeper filmi surata düşürdi

Begmyrat Annamyradow ABU teleýaýlymynyň festiwalynda Türkmenistana wekilçilik eder

Türki dünýäniň medeni paýtagty Änew dabaralara taýýarlanýar